Talyp durmuşy

Baş sahypa > Talyp durmuşy

EJEMJAN

Balam diyip ilki gujak geren sen,

Ak süyt berip bagra basyp söýen sen.

Mähir muhabbetden doly kerem sen,

Hüwdüleriň derman jana Ejemjan.

 

Uzak bolsun Eje seniň ýaşlaryň,

Agarmasyn ol garaja saçlaryň.

Rowaç bolsun mydam eden işleriň,

Sen ýylgyrşyn güneş çogy Ejemjan.

 

Bu giň dünýe eje sensiz dar ýaly,

Sen ýylgyrşyň göýa bahar ýaz ýaly.

Tagamlaryň şeker şerbet bal ýaly,

Şirin sözli Jennet ysly Ejemjan.

 

Bügün talyp gyzyň oturup ýene,

Waspyň edip seniň düzüpdir nama.

Ömür boýy minnetdardyryn men saňa,

Mähribanym Eziz käbäm Ejemjan.

 

  Gözel Serdarowa,

                                      Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky

                                                Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň talyby.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm