Talyp durmuşy

Baş sahypa > Talyp durmuşy

“Arkadagly Beýik Türkmenistanym”

Bakan ýeriň Erem bagy, bossanlyk, 

Ady dünýe içre jennet mekanym.

Watan adyň mydam mukaddes saýdyk,

Arkadagly beýik Türkmenistanym!

 

Keşt edip jahany tapman taýyňy,

Gazal aýdyp, waspyň dilde beslänim.

Ösüp barýar, alyp ylym paýyny,

Arkadagly beýik Türkmenistanym!

 

Dost-dogana açyk gyzgyn gujaklar,

Her güni toý-baýram öçmez ojaklar.

Gadymdan şu güne janly dessanym,

Howandarly eziz Türkmenistanym!

 

Täze özgerişler haýrana goýýar,

Artýar şanyň, adyň arşda günsaýyn.

Bütin halkyň seni janyndan söýýär,

Arkadagly beýik Türkmenistanym!

 

Watanym, ylhamym, ýürek telwasym,

Söýgä doly kalbym jigerde janym.

Sende artýar ýaşaýşa yhlasym,

Gahrymanly beýik Türkemenistanym!

 

Rowan bolsun saňa barýan ak ýollar,

Dilde sena bolsun ýürekde gollar.

Seždegähim sen damarda ganym,

Howandarly eziz Türkmenistanym!

 

Belent ösüşiňe goşandyn goşup,

Nesilleň gaýgyrmaz elinde baryn.

Saňa goşgy ýazýan ýüregim joşup,

Arkadagly beýik Türkmenisanym!

 

Aşgabadym ak mermerli merjenim,

Ömür boýy elmydama söýjegim.

Doganlygyň ýurdy gül-gülüstanym,

Gahrymanly beýik Türkmenistanym!

 

Garaşsyzlyk baky bagtdyr bize,

Watan halka daýanandyr ykbalyň.

Nur çaýylar bu gün didelermize,

Howandarly eziz Türkmenistanym!

 

Parahatçylygyň mesgen tutany,

Täze döwür bilen bagta ýeteli.

Bitaraplyk baky öçmez buýsanjym,

Arkadagly beýik Türkmenistanym!

 

  Dilnoza Mamutniýazowa,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyby



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm