Talyp durmuşy

Baş sahypa > Talyp durmuşy

SANLY ULGAM — TÄZE ÖSÜŞLERIŇ AÇARY

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek, sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanmak boýunça işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi iş öndürijiligini artdyrmaga, wagty tygşytlamaga, işiň hilini gowulandyrmaga we depginini güýçlendirmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda sanly ykdysadyýete geçmekde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işler sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny amala aşyrmagyň degişli üç tapgyryny öz içine alýar. Sanly tehnologiýalaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy islendik adam üçin öýde oturan ýerinden, öz möhümine we islegine görä saýlap, döwlet ulaglaryna ýol peteklerini satyn almaga, dükanlardan söwda etmäge, jemagat töleglerini tölemäge, bilim ulgamynda geçilýän okuw sapaklaryna onlaýn usulda goşulmaga, özleşdirilmän galan sapaklary ýörite portalda goýlan wideogörnüşli sapak ýazgysynyň üsti bilen gaýtadan özleşdirmäge we beýlekilere uly ýeňillikleri döredip, ýörite ýola çykyp barmak, nobata durup garaşmak ýaly birnäçe wagt sarp etmeleri, saglyk ýagdaýy sebäpli okuwa baryp bilmedik talybyň ýa okuwçynyň okuw prosesiniň gidişinde deň-duşlaryndan yza galmak meselesini aradan aýyrýar.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan kabul edilen döwlet we milli maksatnamalarynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerini okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri-de yzygiderli alnyp barylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde, sanly bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bilim edaralarynyň tehniki programmalarynyň binýadyny döwrebaplaşdyrmak, maglumat üpjünçiligini bir ölçege getirmek we olary özara utgaşdyrmak işleri möhüm ähmiýete eýedir.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna» laýyklykda, sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanylmagy bilim ulgamynda, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde umumy sapaga gatnaşyjylaryň çäksiz bolmagy, islendik wagtda okatmak mümkinçiligi, elektron kitaplarynyň tükeniksiz nusgalaryny şahsy telefonlara, smartfonlara ýa-da beýleki ýatda saklaýjy gurluşlara ýüklemegiň elýeterliligi, multimedia serişdeleriniň ulanylmagy, maddy çykdajylaryň azalmagy, dolandyryşyň ýeňilleşmegi, maglumatlaryň merkezleşdirilen dolandyrmasynyň bolmagy, berilýän maglumatlaryň hemmelere birmeňzeş bolmagy, talyplaryň ýetişigini dolandyrmak we oňa görä degişli üýtgeşmeleri amala aşyrmak, ýurdumyzyň çägindäki we daşary ýurt uniwersitetleriniň arasynda ylmy onlaýn maslahatlaryny gurap bolmagy, mobile learning mümkinçiligi ýaly ulgamdaky oňaýly ösüşleriň şertlerini, täze mümkinçiliklerini döredýär. Şonuň üçin döwrüň talaplaryndan ugur alyp, sanly ulgama, sanly ykdysadyýete geçmek işlerine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz her bir çykyşynda bu babatda möhüm wezipeleri öňde goýýar. Munuň özi halkymyzyň, şol sanda türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegini nazarlaýan özgertmelerdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda elektron resminamalaryň dolanyşygyny üpjün etmek, sanly aragatnaşygy has-da kämilleşdirip, ilata elektron hyzmatlary hödürlemek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän wajyp işleriň berk binýady, ylmy esasy bolup, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan «Sanly Türkmenistan» atly täze döwlet Maksatnamasy çykyş edýär. Bu maksatnamada ýurdumyzda maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň jemi içerki önüme goşandyny artdyrmak, welaýatlaryň, şäherleriň we oba ilatynyň durmuşynda sanly tapawudy aradan aýyrmak boýunça işleri durmuşa geçirmek maksat edinilýär. Maksatnamalaýyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizi innowasion ösüş ýoluna doly geçirmäge, ylmy köp talap edýän pudaklarda iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmaga, ýokary öndürijilikli tehnologiýalary ykdysadyýetimize çalt ornaşdyryp, milli önümçilik kuwwatymyzy artdyrmaga hem-de ýurtda elektron resminamalar dolanyşygyny üpjün etmäge we ilatyň giň gerimli elektron hyzmatlardan peýdalanmaklaryna uly mümkinçilikleri döredýär.

Eziz Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berip, halkymyzy aýdyň ýollardan nurana ertirlere sary ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Ylýas AMANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Bereketli toprak” gazeti 15.03.2021y çap bolup çykdy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm