Talyp durmuşy

Baş sahypa > Talyp durmuşy

Aşgabat - ajaýyp sungat eseri

Paýtagtym göýäki jennet mysaly

Merjen şäher - Köpetdagyň etegi.

Arzuw-hyýallaryň gowşan wysaly

Aşgabat - ajaýyp sungat eseri.

Ýokardan garaňda täsin şekiller

Gözellikden salýar başa heseri

Many saçýar aýlaw ýolda heýkeller

Aşgabat - ajaýyp sungat eseri.

Aýdyň gijesinde gözüň gamaşar

Ýaş-juwanlar röwşen şähriň ýesiri.

Ýer ýüzünde owazasy dag aşar

Aşgabat - ajaýyp sungat eseri.

Ginnesde orun alan gözel paýtagtym

Waspyn söýlär Arkadagyň eseri.

Aklykda eýelän älemiň tagtyn

Aşgabat - ajaýyp sungat eseri.

 

Sähra Akmyradowa,

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar

uniwersitetiniň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň

Filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili)  hünariniň 1-nji ýyl talyby.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm