Ylmy-barlag

Baş sahypa > Ylmy-barlag

GOWAÇANYŇ TÄZE SORTY

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar­ uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa instituty ylmyň biologiýa ugruny ösdürmek, tebigy baýlyklar bolan ösümlik we haýwanat dünýäsini düýpli öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen ylmy edara bolup durýar.

Ýurdumyzda ylmyň umumy biologiýa, öýjük biologiýasy, molekulýar biologiýa, genetika, biotehnologiýa, bioinženeriýa, bioinformatika, ekologiýa ugurlaryny ösdürmek, tebigy baýlyklar bolan ösümlikler, haýwanat we mikroorganizmler dünýäsini öwrenmek, olaryň biohimiki, fiziki-himiki, dermanlyk häsiýetlerini anyklamak, ösümlik hem haýwanat dünýäsini  goramak we rejeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinleriniň we mallaryň seçgi-tohumçylyk işini talabalaýyk alyp barmak, täze görnüşlerini döretmek boýunça düýpli hem-de amaly ylmy barlaglary geçirmek institutyň esasy maksadydyr.

Türkmenistanda önüm öndürmek maksatlaryndan ugur alyp, duş gelýän ösümlikleriň düzüminde bar bolan maddalary öwrenmek, olary bölüp almak we önümçiligiň dürli pudaklarynda önüm öndürmek üçin innowasion tehnologiýalaryny işläp düzmek hem-de öňki bar bolan tehnologiýalary ulanyp, ylmy-barlag işleri geçirilýär. Institutymyzyň hünärmenleri beýleki ylmy-barlag institutlaryndaky kärdeşleri bilen aragatnaşyk saklap, esasan hem gowaçanyň seleksiýasy bilen işlemek boýunça ylmy barlaglary bilelikde alyp barýarlar.

Pagtaçy alymlaryň alyp barýan seleksiýa işleriniň netijesinde, gowaçanyň döwlet synagyna hödürlenen täze sortlary her gektardan 50-60 sentner pagta hasylyny bermäge mümkinçilik döredýär. Agrotehniki çäreleriň öz wagtynda oňat hilli geçirilen halatynda gowaçanyň täze sortlarynyň ýokary hasyl berýändigini alymlaryň geçiren ylmy barlaglarynyň netijeleri görkezýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmegiň ylmy esaslaryny pugtalandyrmaga, oba hojalyk ylmynyň ösdürilmegine, seleksiýa we tohumçylyk işleriniň gowulandyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir» diýen sözlerinden ugur alyp, ýurdumyzyň seleksioner alymlary gowaçanyň ir ýetişýän, bol hasylly, süýümi ýokary çykymly we oňat hilli, tebigatyň amatsyz şertlerine çydamly sortlaryny döretmek işlerini alyp barýarlar.

Häzirki döwürde oba hojalyk ekinleriniň täze sortlaryny döretmekde, esasan, seleksiýanyň gibridleşdirme usuly ulanylýar. Dürli sortlaryň arasynda gibridleşdirme işini geçirmegiň maksady täze emele gelýän ösümligiň neslinde hojalyk bähbitli alamatlaryň ýokary derejede üýtgeýjiligini ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Seçgiçilikde gowaça sortlarynyň güllerinde çakyşdyrma geçirmek usullarynyň arasynda has ähmiýetlisi, has ýokary netije berýäni (birnäçe sortlaryň gatnaşmagynda) çakyşdyrma usulydyr. Aýratyn hem çakyşdyrma işiniň ekologiýa-geografik taýdan daşlaşdyrylan, dürli ýurtlaryň toprak-howa şertlerinde döredilen sortlaryň arasynda geçirilmegi netijesinde täze emele gelýän gowaça düýplerinde hojalyk ähmiýetli alamatlaryň üýtgeýjilik derejesi has ýokary bolýar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezinde seçgiçiler tarapyndan gowaçanyň dürli ýurtlardan getirilen täze görnüşleriniò arasynda gibridleşdirmäniň bu ähmiýetli usulynyň ulanylmagy we birnäçe ýylyň dowamynda yzygiderli nesil barlaglarynyň hem-de seçgi işleriniň geçirilmegi netijesinde, gibrid ösümliklerinde hojalyk ähmiýetli alamatlaryň ýokary görkezijileri bolan ösümlikler saýlanyp alyndy. Saýlanyp alnan ösümlikleriň tohumlary köpeldilip, 2013-2014-nji ýyllarda merkeziň ilkinji sort-synag meýdançasynda, 2015-2017-nji ýyllarda hem bäsleşik sort-synag meýdançasynda Li-13556 belgi bilen synag edildi. Bäsleşik sort-synagynda hojalyk ähmiýetli ala matlaryň ýokary görkezijileri bilen tapawut-lan magy netijesinde, bu täze sort 2018-nji ýyl-da «Ahal-5» ady bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Tohumçylyk we sort-synag döwlet gullugyna tabşyryldy.

Gowaçanyň orta süýümli «Ahal-5» sorty 2018 — 2020-nji ýyll arda 3 ýylyň dowamynda Tohumçylyk we sort-synag döwlet gullugynyň Gökdepe we Saýat döwlet sort-synag meýdançalarynda synagdan geçirildi. Synaglaryň netijeleri gektardan ortaça 52,9 sentner hasyl alnandygyny görkezdi. Onuň hasyllylygy häzirki wagtda önümçilikde ekilýän nusgawy «Ýolöten-7» sorty bilen deňeşdirilende, ortaça 3,6 sentner, süýüminiň çykymy 1,05 göterim köpdür. Gozadaky pagtasynyň agramy 5,7 grama deň. Gowaçanyň «Ahal-5» sorty deňeşdirilýän standart sortdan 4 gün ir ýetişýär.

Täze sortuň düýbüniň çugdamlygy, berkligi, orta boýlulygy, gozasyndan pagtasynyň dökülmeýänligi onuň hasylyny pagta ýygýan kombaýnlar bilen ýygmaga mümkinçilik berýär.

Üstümizdäki ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli gowaçanyň orta süýümli «Ahal-5» sortunyň ady üýtgedilip, «Aşgabat-140» ady bilen «Seleksiýanyň gazananlarynyň Türkmenistanda ulanmaga rugsat edilenleriniň Döwlet sanawyna» goşmak we önümçilige ornaşdyrmak teklip edildi. Şunlukda, gowaçanyň orta süýümli «Aşgabat-140» sorty Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň 2021-nji ýylyň 17-nji aprelindäki 175-Ö belgili buýrugy bilen önümçilige ornaşdyryldy.

Gowaçanyň orta süýümli «Aşgabat-140» sortundan ýokary hasyl almak üçin ony ösdürip ýetişdirmek boýunça geçirilýän agrotehniki çäreleri ylmy taýdan maslahat berilýän möhletlerde we kadalarda ýerine ýetirmek zerurdyr.

Häzirki döwürde täze döredilen sorty ýurdumyzyň welaýatlarynda giň meýdanlara ýaýratmakmaksady bilen, ylmy usulyýete laýyklykda, onuň tohumyny köpeltmek işleri alnyp barylýar.

 

Şyhmyrat BAÝMYRADOW,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener tehnologiýalar uniwersitetiniň­

Umumy we amaly biologiýa

institutynyň barlaghanasynyň

müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.

 Täze oba” žurnaly 17.06.2021ý çapa çykdy



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm