Ylmy-barlag

Baş sahypa > Ylmy-barlag

BEZEG ÖSÜMLIKLERINIŇ OTURDYLYŞYNYŇ GÖRNÜŞLERI

Janly haýat. Meýdançanyň araçägini kesgitleýji ähmiýete eýe bolan, gür şahaly agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň bir ýa-da birnäçe hataryndan ybarat bolan jebis germewe “janly haýat” diýilýär. Janly haýat landşafty bezemeklikde giňden peýdalanylýar. Araçäk kesgitleýji hem-de bezeg ähmiýetinden başga-da janly haýadyň gorag we sesi, tozany geçirmän saklap bilijilik ähmiýeti hem bardyr. Janly haýat döredilende ýaprakly, hemişe ýaşyl öwüsýän, gülleýän, çyrmaşýan bezeg ösümliklerinden peýdalanylýar. Beýikligine görä janly haýadyň 3 görnüşi bolýar:

Pes boýly – boýy 1 metre çenli;

Orta boýly – boýy 1-1,5 metr aralygynda;

Beýik boýly – boýy 1,5 metrden ýokary bolýar.

Janly haýatlar öz gözbaşyny antik döwründen, ýagny Gadymy Hindistandan, Gresiýadan, Müsürden alyp gaýdýar. Häzirki wagtda janly haýadyň şekil berilýän (gyrkylýan) we erkin ösýän (gyrkylmaýan) görnüşleri bar.

Janly bordýur bu beýikligi 30-40 santimertden geçmeýän birýyllyk hem-de köpýyllyk bezeg ösümlikleriniň bir ýa-da birnäçe hataryndan ybarat bolan, giňligi ýarym metre golaý, iki meýdançany biri-birinden tapawutlandyrýan janly haýatdyr. Häzirki zaman janly bordýurlary XIX asyrda Angliýada meşhur bagban zenan Gertrud Jekill tarapyndan döredilip başlanýar. Janly bordýury döretmekligiň esasy maksady berlen şekile gutarnykly keşp bermeklikdir. Janly bordýur döredilende haýal ösýän, öz görnüşini uzak wagtlap saklap bilýän, howanyň amatsyz şertlerine çydamly bezeg ösümlikleri saýlanyp alynýar. Janly bordýur hökmünde oturdylan bezeg ösümlikleriniň gürlügi ýokary bolmaly. Şu maksat üçin ulanylýan görnüşlere fialkalar, irisler, margaritkalar, astralar, mahmaljyklar, myhaklar, çigildemler, narsisler, krokuslar we başgalar degişlidir.

Gazon bezeg maksady bilen emeli usulda otjumak ösümlik örtügi döredilen ýer bölegidir. Gazon döredilende ýörite saýlanan ösümligiň tohumy ekilip, ot örtügi döredilýär. Köplenç gazon döretmek üçin çemenlik gyrtyjy saýlanyp alynýar. Gazon landşaftyň bezeginiň özbaşdak bir elementi bolmak bilen çäklenmän, ol bezeg üçin döredilen şekillere düşekçe bolup hem hyzmat edýär. Ilkinji gazonlar XVIII  asyrda Ýewropa ýurtlarynda ýüze çykyp başlapdyr. Gazonlar özbaşyna ösýän, gyrkylýan we gülleýän görnüşlerde bolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy hem-de daş-töweregimizi bagy-bossanlyga öwürmekde bezeg ösümliklerini oturtmagyň birnäçe görnüşlerinden peýdalanylýar. Bezeg ösümliklerinden döredilen owadan şekiller diňe bir daş-töweregimiziň gözelligine gözellik goşman, ruhumyzy galkyndyrýar, wagtymyzy hoş edýär, ýaşaýşa, Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerine goşant goşmaga höwes, buýsanç döredýär.


Bahadir ÝULDAŞOW,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Ekologiýa we ekologik tehnologiýalar

kafedrasynyň mugallymy.

Täze oba” žurnaly 29.06.2021ý çapa çykdy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm