Ylmy-barlag

Baş sahypa > Ylmy-barlag

Okgunly ösüşiň aýdyň beýany!

        Bilim özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmak, ulgamyň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek döwrüň öňe süren esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda Watanyň daýanjy bolan kämil hünärmenleri kemala getirmekde alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, maksada okgunly işler giň gerime eýe bolýar. Soňky ýyllarda dünýä bilen aýakdaş gitmek üçin maksatnamalaýyn özgertmeler netijeli häsiýete eýe bolýar.

         Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlaryň bilim, aň kämilliginiň mundan beýläk hem ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berýär. Bu bolsa ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna we terbiýelenmegine, özleri hakynda bimöçber aladany her ädimde duýup, göz ýetirmäge, okuwa has hyjuwly ýapyşmaga, häzirki zaman şertlerinde täzeçil innowasiýaly bilim almaga ruhlandyrýar.

         Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň  “Biotehnologiýa” ylmy-önümçilik merkezinde güneşli ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň gurluşy, biohimiki düzümi giňişleýin öwrenilip, olardan biologik işjeň maddalary almak babatynda birnäçe ylmy-tejribe işler amala aşyrylýar.

“Biotehnologiýa” ylmy-önümçilik merkeziniň agzasy, Himiýa we nanotehnologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Läle Orazgulyýewa  alma miwesinden sirke alnyşynyň usullary barada şeýle gürrüň berdi.

 -- Alma - bägüller maşgalasynyň almalar urugyna degişli bolan medeni ösümlik. Alma agajy ýaýbaň şahaly, süýnmegräk ýaprakly bolup, hoşboý ysly. Alma mart-aprel aýlarynda gülleýär, iýun-sentýabrda miwesi ýetişýär.
Almanyň düzüminde organiki turşulyklar (alma we limon), şeker, glýukoza, fruktoza, eý maddalary, er ýaglary, C, B, P, A witaminleri, kletçatka, pektin maddalar, mineral duzlar (demir, marganes, kaliý, natriý, kalsiý), tonsidler we beýleki maddalar saklanýar. Sirke önümçiligiň dürli ugurlarynda giňden ulanylýar. Ol, esasan, hem iýmit biotehnologiýasynda giňden ulanylýar. Ol iýmit goşundysy hökmünde, dürli konserwant önümleri taýýarlamakda peýdalanylýar. Sirke köplenç iýmit taýýarlananda, duzly suwuklyklar, naharlar taýýarlananda we beýleki işdäaçarlar taýýarlananda ulanylanda, immun ulgamynyň kadaly işlemegine täsiriniň ýokarydygy barada bellenilip geçildi. Abu Aly ibn Sinanyň ady belli «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly işinde ter alma miwesiniň ýürege hem aşgazana haýyrlydygy, almanyň ýapraklaryndan sykylyp alnan şiresiniň dömme çişlere neplidigi tekrarlanylýar. Rahatlandyryjy serişde hökmünde ulanylýar. Halk lukmançylygynda ýanykda, bedeniň agzalarynyň sowuk urmasynda, bitmesi kyn ýaralarda gyrgyçdan geçirilen almany ýapgy deregine peýdalanýarlar.

Ýurdumyzda biotehnologiýalar bilen bagly meseleleri ylmy taýdan çözmekde Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitaby alymlar we ýaş alymlar, biz talyp-ýaşlar üçin baş ylmy ýörelge bolup durýar. Şeýle biz talyp-ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge mümkinçilik döredýän Alym Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

          

 

Aýna Käbäýewa.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň

1-nji ýyl talyby.

 



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm