Ylmy-barlag

Baş sahypa > Ylmy-barlag

“ANDROID” PROGRAMMALY SIMSIZ DOLANDYRYLÝAN ROBOT GOL

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan ykdysady we senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna ynamly goşulýar. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply häzirki zaman edara-kärhanalar, zawodlardyr fabrikler gurulýar [1]. Innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen häzirki zaman edara-kärhanalaryň, zawodlardyrfabrikleriň esasy düzüm bölekleriniň biri bolsa robotlardyr.

    Robot tehnologiýalary adamyň işlemegi we ýaşamagy üçin ähli oňaýly şertleri döredýär, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrýar, önümçiligiň netijeliligini artdyrýar. Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, häzirki döwürde robotlar senagatyň ähli pudaklarynda, önümçilikden başlap tä saglygy goraýyş pudaklaryna çenli ornaşdyryldy. Gelejekde robotlar ýönekeý tehniki serişde bolman, eýsem jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolar.

    Robotlar – bu uniwersal awtomatiki ulgam bolup, olar daşky gurşaw bilen işjeň aragatnaşyk saklap, öwrenip bilýän, adam tarapyndan ýerine ýetirilýän dürli fiziki we akyl operasiýalaryny çalyşmak üçin niýetlenen gurluşlardyr. Senagat robotlaryny köpçülikleýin ulanmak bilen zähmet öndürijiligini 1,5-2 esse artdyryp bolýar [2]. Mobil robotlar we manipulýator robotlary döredilenden soňra, “mobil manipulýasiýa” diýlen düşünje döräp başlady. “Mobil manipulýasiýa” diýlen adalga 1980–1990-njy ýyllarda robotlar boýunça ylmy-barlag merkezler tarapyndan robot manipulýatorlaryny mobil platformalaryna oturdylanda ýüze çykdy [3].

Awtor: S. Nökerow, D. Hallaýew, S. Bäşow

"Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy" atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly, #1, 2020



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm