Ylmy-barlag

Baş sahypa > Ylmy-barlag

MAGLUMATLARY PAÝLAŞDYRYLAN USULDA SAKLAMAKDA BLOKÇEÝN TEHNOLOGIÝASYNYŇ ÄHMIÝETI

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygiderli artdyrylmagyny, dünýäde bolup geçýän ykdysady ýagdaýlar barada gözýetimimiziň we düşünjelerimiziň has geňemegini talap edýär.

    Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen konsepsiýany we işlenip taýýarlanylan meýilnamany üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzy maglumat tehnologiýalar babatynda ösdürmek, ykdysady ulgamyny sanlylaşdyrmak we dünýäde iň soňky gazanylan innowasiýalary, sanly maglumat tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

    Sanly ykdysadyýet sanly tehnologiýalara esaslanýar. Sanly tehnologiýalar daşky we içki howplara, kiberhowplara we kiberhüjümlere garşy göreşmek üçin dürli usullary, bulutlaýyn we ümürleýin, emeli aň, uly göwrümli maglumatlaryň üstünde işlemegiň, maglumatlary paýlaşdyrylan usulda saklamagyň blokçeýn tehnologiýasyny öz içine alýar.

    Blokçeýn adaty açyk ýazgy depderi ýaly özünde maglumatlary saklaýan bloklaryň yzygiderligi ýa-da zynjyrydyr [1]. Bu usul bilen sanly resminamalaryň wagtlary bellik edilýär. Bellik edilenden soňra wagty üýtgetmek ýa-da bozmak mümkin bolmaýar. Maglumat blokçeýniň içine bir ýazylanyndan soňra ony üýtgetmek hem örän kyn. Blokçeýn tehnologiýasy üçünji tarapa bank ýa-da merkezi dolandyryşa zerurlyk bolmazdan pul, gymmatlyklar, şertnamalaryň we ş.m serişdeleriň geçirimlerini howpsuz görnüşde amala aşyrmak üçin ulanylýar.

Awtor: A.Akgaýew

"Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy" atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly, #1, 2020



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm