Akademiki-senagat hyzmatdaşlygy

Baş sahypa > Ylmy-önümçilik merkezleri

Gözellik biotehnologiýasy

Gözellik biotehnologiýasy ylmy-önümçilik merkezinde ýurdumyzyň ösümlik, haýwanat we mikroorganizmler dünýäsini, biomateriallaryň biohimiki, fiziki-himiki düzümini, gurluşyny, iýmitlik we dermanlyk häsiýetlerini öwrenmek, ajy ýowşanyň, arçanyň, gyzyl we ak bägülleriň efir ýaglary almak, arçanyň, ýüzärligiň, kokosyň şypaly ýaglary almak, buýanyň ekstraktyndan dermanlyk süýjileri taýýarlamak, düýäniň süýdinden dermanlyk süýjileri taýýarlamak, üzärligiň ekstraktyndan, dermanlyk suwy taýýarlamak, bägülleriň gidrolat ergini almak, ýylgynyň dermanlyk ergini taýýarlamak, bio-şampunlary (pyrtykally, käşirli, saforaly, çekizeli, düýe dabanly) taýýarlamak, saçlar üçin tebigy boýaglary (kofeli, kakaoly, şokoladly, zeýtun ýagly, hna ösümliginden) taýýarlamak, beden üçin skrablar: (limondan, tudanadan, aloe, hyýar, erik) taýýarlamak, eller üçin kremler taýýarlanyldy; hammam üçin niýetlenen serişdeler taýýarlamak, ýumşak bedenli garynaýaklylar toparynyň wekili ‘Ahatiniň” neminden ýapgylar taýýarlamak, gury we suwuk görnüşli antiperspirantlar taýýarlamak, kosmetiki önümleri: pudra, dodak üçin pomada, kirpiklere çalynýan tuş taýýarlamak, miwelerden, bakja önümlerinden dürli görnüşindäki ýapgylar taýýarlamak, biosabynlaryň dürli görnüşleri taýýarlamak, otaglar üçin niýetlenen hoşboý ysly ys-beriji atyrlar taýýarlamak (limonly, narpyzly, arçaly, melissaly), jöwen we mekgejöwen, bugdaý ösümliklerinden krahmal almak, günebakar çigidiniň gabygyndan gurluşyk materialy taýýarlamak, ýüzärlik we narpyz ösümliklerinden antibakterial suwuklyk taýýarlamak we ş.m. birnäçe işler alnyp barylýar.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm