Akademiki-senagat hyzmatdaşlygy

Baş sahypa > Ylmy-önümçilik merkezleri

Biotehnologiýa we genetika

Ylmy-önümçilik merkeziniň öňünde durýan wezipeler esasan şulardan ybaratdyr: Ýurdumyzda duş gelýän ösümlik, haýwan, kömelek we mikroorganizm görnüşlerini öwrenmek; ýurdumyzda duş gelýän ösümlik görnüşleriniň düzüminde bar bolan maddalary fiziki-himiki derňemek, olaryň iýmitlik we dermanlyk häsiýetlerini anyklamak; derman ösümliklerden biologiki işjeň maddalary almak we onuň önümçiligini ýola goýmak; oba hojalyk ekinleriniň we mallarynyň täze sortlaryny we porodalaryny, gibridleri, klonlary döretmek we önümçiligini ýola goýmak; gurakçylyga we duzlulyga çydamly ösümlikleri we bakteriýalary genetiki öwrenmek, degişli genleri anyklamak we oba hojalygynda ulanmak; ösümlikleri we mikroorganizmleri ulanyp dürli haýwan iýmit goşundylaryny taýarlamak. Häzir biotehnologiýa we genetika ylmy-önümçilik merkezinde aşakdaky ugurlar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar:
- dokuma kulturasy arkaly peýdaly ösümlikleri mikroklonal köpeltmek;
- krahmaldan biodargaýjy plastik öndürmek;
- süýji mekge sortynyň Türkmenistanyň şertlerinde ösdürip ýetişdirmek mümkinçiliklerini öwrenmek;
- ýüzärlikden garmalin alkaloidini bölüp almak we derman hökmünde öndürmek;
- tut agajyny kagyz önümçiliginde peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek;
- biosensor ýasamak;
- ösümlik gormonlaryny öndürmek;
- buýandan glysirizzini bölüp almak we ony monoammoniý glisirrizat ýagdaýyna geçirmek;
- ýerli ösümliklerden efir ýaglaryny bölüp almak tehnologiýasyny işläp düzmek;
- hlorella suwotusyny köpeltmek we ondan biomassa alyp gymmatly protein öndürmek;
- shewanella oneidensis bakteriýasyny suwy arassalamak üçin ulanmak;
- aloe vera ösümligini köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmek we ondan kosmetiki, iýmit, derman serişdelerini taýýarlamak;
- trihoderma toprak kömeleginden biodökün taýýarlamak;
- iýmit biotehnologiýasynyň usullary arkaly täze görnüşli iýmit önümlerini döretmek;
- bakteriýalary we kömelekleri ulanmak arkaly gowaça çöplerinden biogomus öndürmek;

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm