Akademiki-senagat hyzmatdaşlygy

Baş sahypa > Ylmy-önümçilik merkezleri

Ýaşyl himiýa

“Ýaşyl himiýa” ylmy-önümçilik merkezinde ylmy-barlag işler we ylma esaslanýan önümleri öndürmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
1. Bio ýangyç - Gowaça çöpüni birnäçe gezek gaýtadan işlemek bilen alynan bio ýangyç bolup, bu bio ýangyjyň esasynda awtoulaglar üçin ýangyç, lukmançylykda zyýansyzlandyryş serişdesi we azyk senagatynda çakyr önümçiligi üçin ulanylýan etanoly taýýarlap bolýar.
2. Bioplastik material - Häzirki wagtda sintetiki plastik materiallary peýdalanmak ekologiki taýdan amatsyz hasaplanýar. Şonuň üçin sintetiki plastik materiallarynyň ornuny öz-özünden dargaýan bioplastik materiallar bilen çalyşmak, ekologiki çözgüt hasaplanýar. Şol maksatlar bilen bioplastik materiallary mekgejöwenden alynan krahmalyň esasynda alyndy. Bu alynan bioplastik materialyndan dürli bir gezek ulanylýan torbalar taýýarlanyp biliner. Bu bioplastik materialyndan taýýarlanylan torbalar haçanda ulanylyp tebigata düşende onuň ömri bary ýogy 5 gün, suwa düşen ýagdaýynda 3 güne çekýär. Onuň tebigatda çüýremegi bilen toprakda organiki dökünleriň emele gelmegine getirýär. Bu bolsa, önümiň ekologiki taýdan arassa önümdigine şaýatlyk edýär.
3. Galyndy materiallardan taýýarlanan kompozid material - Kompozid material bolanda iki we ondan hem köp materiallardan alynan täze materiala aýdylýar. Bu kompozid materialy hem keramiki materiallaryň galyndylaryny (döwülen kafel we faýans) we plastik materiallaryň galyndylaryny (zyňyndy plastik çüýşeleri, plastik torbalary, polipropilen haltalary) ulanmak bilen alyndy. Plastik materiallar tebigatda özleşmegi müňlerçe ýyla çekýär. Keramiki materiallaryň ömri bolsa, gaty gysga wagtly bolup, döwülmesi aňsat bolan materiallardyr. Şonuň üçin keramiki materiallary berkleşdirmek üçin plastik materiallar ulanmak maksada laýyk hasaplanylýar. Alynan bu kompozid materialyny, kafel we faýans ýaly käbir keramiki gurluşyk materiallarynyň orny bilen çalyşyp bolýar. Netijede, kompozid materialy keramiki materiallara garanyňda ýeňil we berk ýagny, döwülmezek bolýar.
4. Hatardan çykan awtoulag şinlerini ýol gurluşugynda ulanmak - Ähli awtulaglaryň şinleriniň esasy rezin bolup durýar. Rezinler polimer gurluşly bolandygy üçin tebigatda uzak möhletiň dowamynda dargaýar. Gysgaça aýdanyňda, hatardan çykan awtoulaglaryň şinleriniň zyňylmagy tebigata zyýanly hasaplanylýar. Şonuň üçin şinlerdäki rezini almak bilen ýol gurluşugynda ulanylýan bitumyň belli bölegini bilelikde işläp täze önüm alyndy. Alynan önümi bituma derek ýol gurluşygynda ulanmak bolýar. Beýle edilmegi ýol gurluşugynda ulanylýan bitumyň mukdarynyň azaldylmagyna, zyňylan şinleri gaýtadan işlenilmegine we ýollaryň berk bolmagygyny üpjün edýär. Bitumyň sowukda doňmagy gyzgynda bolsa, eremegi ýollaryň tiz zaýalanmagynyň ilkinji sebäpleriniň biridir. Rezin bolsa, bituma garanyňda ýokary temperaturada eremegi, gaty pes temperaturada doňmagy bilen tapawutlanýar. Önüm rezin goşulyp taýýarlanylýandygy üçin bituma garanyňda temperatura durnukly hasaplanylýar. Reziniň bituma garanyňda ýene-de aýratynlykly tarapy hem rezin ergininiň bituma garanyňda has şepbeşik häsiýetlidigidir. Şeýle önümiň esasynda taýýarlanylan aswalt ýollary gaty hem berk bolýar. Gyşyna aswaltda döreýän sürçek uzak wagt dowam edmeýär.
5. Hammam şarlary - Hammam maksatlary üçin taýýarlanan bu önüm, ulanylan wagtynda bir wagtyň özünde mikromassaj we aromaterapiýa häsiýetlidir. Ýagny, onuň suwda dargamagy bilen suw düwmejikleri emele gelip, adam bedeni üçin mikromassaj wezipesini we onuň ýakymly ysy bolsa, adam saglygy üçin aromaterapiýa bolup hyzmat edýär. Bu önüm hiç hili zyýanly himiki serişdeleri saklamaýar we ondaky yslar bolsa, ösümliklerden alynan ýakymly yslardyr.
6. Ys beriji haltajyklar - Häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlaryň otaglarynda, edara otaglarynda, awtoulaglarda we ýenede birnäçe ýerlerde ýörite ys berijiler ulanylýar. Adaty ys berijiler sintetiki ys berijilerdir. Ýagny, onuň ýaýramagy ýakymly ys bersede, atmosferada toplanmagy bilen ozon gatlagynyň ýukalmagyna getirýän serişdeler diýilip hasap edilýär. Şonuň üçin sintetiki ys berijileriň ornuny tebigy ys berijiler bilen çalyşmak maksady bilen ys beriji haltajyklar taýýarlandy. Bu ys beriji haltajyklarda ösümliklerden alynan ýakymly ys beriji maddalary saklaýan we wagtyň geçmegi bilen biologiki dargaýan serişdeler saklanýar. Bu serişde, diňe azyk önümlerinden taýýarlanandygy üçin adam saglygyna hiç hili zyýan ýetirmeýär we wagtyň geçmegi bilen dargaýar. Dargamagy bilen bolsa, düzümindäki tebigy ýakymly ys daşyna bölünip çykýar.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm