Akademiki-senagat hyzmatdaşlygy

Baş sahypa > Ylmy-önümçilik merkezleri

Akylly tehnologiýalar

“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy”-nyň meýilnamasynda görkezilen işleri amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hereket edýän "Akylly tehnologiýalar" ylmy-önümçilik merkezi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň işlerini innowasion, döwrebap usulda alyp barmagy üçin zerur bolan täze intellektual ulgamlary taslamagyň we olary programmirlemegiň ugrunda ylmy-barlag işleri alyp barýar. Taýýarlanylýan intellektual ulgamlar edara-kärhanalaryň işlerini aňsat, tiz we netijeli usulda alyp barmaga ýol açýar.

Bu intellektual ulgamlary döretmekde häzirkizaman maglumat we programmirlemek tehnologiýalary peýdalanylýar. Olara mysal edip, emeli aň (Artificial Intelligence), maşyn we çuň öwrenmek (Machine and Deep Learning), kognitiw tehnologiýalary (Cognitive Technologies) mysal getirip bileris.

Taýýarlanylýan intellektual ulgamlar esasan aşakdaky ugurlara degişli:

- kärhanalary dolandyrmak ulgamlary (elektron resminama dolandyryş, işgärler, arhiw we hasaphana bölümleriniň awtomatlaşdyrylan ulgamlary);

- NLP (Natural Language Processing) ulgamlary;

- ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri üçin zerur bolan programma üpjünçilikleri;

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm