Akademiki-senagat hyzmatdaşlygy

Baş sahypa > Ylmy-önümçilik merkezleri

Kompýuter lingwistikasy

“Kompýuter lingwistikasy” ylmy-önümçilik merkezinde “Türkmen dilinde aýdylan sözleri iňlis diline sesiň üsti bilen terjime edýän programmany işläp düzmek” we “Iňlis dilinde aýdylan sözleri türkmen diline sesiň üsti bilen terjime edýän programmany işläp düzmek” temalary boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Häzirki wagtda türkmen we iňlis dilleriniň gramatikasy doly öwrenilýär we şol dillerdäki sözleriň gory döredilýär. Sözlük gorunyň esasynda iňlis-türkmen, türkmen-iňlis sözlükleriniň web, mobil we desktop görnüşde programma üpjünçilikleri taýýarlanylýar. Türkmen dilindäki sözleriň ses ýazgylary ýazylyp maglumat gory döredilýär. Türkmen dilinde aýdylan sözleri tekst görnüşe geçirýän programma üpjünçiligi taýýarlanylýar.

Şeýle-de, merkezde sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek, talyplaryň we mekdep okuwçylaryň bilimlerini synagdan geçirmek üçin niýetlenen "Onlaýn test ulgamy" atly programma üpjünçiligi işlenilip taýýarlanyldy. Programma üpjünçiliginde mugallymlar öz okadýan dersleri boýunça talyplarda we okuwçylarda synaglary elektron enjamlaryň kömegi bilen ýeňil görnüşde geçirip, olaryň sapaga ýetişigi baradaky maglumatlary dessine alyp bilýärler. Programmanyň käbir aýratynlyklary:

- kagyz talabyny aradan aýyrýar we okuwçyny awtomat bahalandyrýar;

- mugallyma synagyň alynýan döwründe aralykdan talyplaryň synag tabşyryşyna gözegçiligi amala aşyryp we dolandyryp bilýär;

- synaglaryň netijeleri barada dürli statistiki maglumatlary taýýarlap berýär. Şeýlelik-de, mugallym haýsy okuwçynyň haýsy dersden gowşak taýýarlanandygy baradaky maglumatlary aňsatlyk bilen bilip we netije çykaryp bilýär;

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm