Akademiki-senagat hyzmatdaşlygy

Baş sahypa > Ylmy-önümçilik merkezleri

Innowasiýalaryň ykdysadyýeti

Innowasiýalaryň ykdysadyýeti kafedrasynyň düzüminde “Innowasiýalaryň ykdysadyýeti” ylmy-önümçilik merkezi hereket edýär. Bu ylmy-önümçilik merkezinde talyp ýaşlar özleriniň ukyp başarjaňlygy boýunça ýörite taslama-işlerini alyp barýarlar. Her bir ylmy-önümçilik merkeziniň aýratyn tarapy bolşy ýaly, innowasiýalaryň ykdysadyýeti ylmy-önümçilik merkeziniň hem aýratynlygy ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini öwrenip her bir sebiti “akylly ýöriteleşdirmek” boýunça ylmy seljermeler alyp barýarlar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ylmy-önümçilik merkeziniň agzalygynda duran talyp ýaşlary hem ýurdumyzyň her bir sebitininiň artykmaçlyklaryny we senagat pudagyny içgin öwrenip, geljekki önümçilik mümkinçiliklerini açyp görkezýärler. Şeýle-de, bu ylmy-önümçilik merkezinde täze döredilen oýlap tapyşlaryň özüne düşýän gymmatyny hasaplaýyş işleri geçirilýär we önümçilik strategiýasyny düzüp berýärler. Merkeziň her bir agzasy öz gyzyklanýan temasy boýunça ylmy-gözleg, taslama-işleriniň üstünde işleýärler we önümçilik merkezine ýolbaşçylyk edýän halypa mugallymyň berýän peýdaly maslahatlaryny özlerine ýol-ýörelge edinýärler.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm