Akademiki-senagat hyzmatdaşlygy

Baş sahypa > Ylmy-önümçilik merkezleri

Ekologik biotehnologiýa

Ylmy-önümçilik merkeziniň esasy maksady ýurdumyzyň tebigy çig mallaryndan, baýlyklaryndan tygşytly we netijeli peýdalanmagyň hem-de olary goramagyň ylmy esaslaryny işläp düzmekdir. Ylmy-önümçilik merkeziniň esasy wezipeleri “Altyn asyr” Türkmen kölüniň we onuň şor suw akabalarynyň zeý suwlaryny, şäherleriň lagym suwlaryny, senagat kärhanalarynyň akyndy suwlaryny arassalamagyň innowasion usullaryny işläp düzmek; durmuşda gaty galyndylary (esasan-da polietilen önümlerini) gaýtadan işlemek we täze önümleri almak; organiki galyndylardan biogaz we kompost dökünini almak we olaryň önümçiligini ýola goýmak; “Altyn asyr” Türkmen kölüniň we onuň şor suw akabalarynyň ugrundaky ýerleri özleşdirmeklik barada teklipleri taýýarlamak we ş.m.

Häzirki wagtda ylmy-önümçilik merkezinde ýokardaky wezipelerden ugur alyp dürli tejribe işleri geçirilýär, ylmy barlaglar alnyp barylýar.

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm