Akademiki-senagat hyzmatdaşlygy

Baş sahypa > Ylmy-önümçilik merkezleri

Sanly tehnologiýalar we maglumatlary goramak

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça kabul edilen konsepsiýany we meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzy maglumat tehnologiýalar babatynda ösdürmek ugrunda, ýurdumyzyň ykdysady ulgamyny sanlylaşdyrmak we dünýäde iň soňky gazanylan innowasiýalary, sanly maglumat tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde döredilen “Sanly tehnologiýalar we maglumatlary goramak” ylmy-önümçilik merkezi uly işler alyp barýar.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygiderli artdyrylmagyny, jemgyýetimizde, dünýäde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada gözýetimimiziň has hem giňeldilmegini talap edýär.

Bilşimiz ýaly sanly ykdysadyýet sanly tehnologiýalara esaslanýar. Sanly tehnologiýalar bulutlaýyn we ümürleýin tehnologiýalary, maglumatlary paýlaşdyrylan usulda saklamagyň blokçeýn tehnologiýasyny, daşky we içki howplara, kiberhowplara we kiberhüjümlere garşy göreşmek üçin dürli usullary, emeli aň tehnologiýalary, uly göwrümli maglumatlaryň üstünde işlemegiň tehnologiýalaryny we beýleki tehnologiýalary öz içine alýar.

“Sanly tehnologiýalar we maglumatlary goramak” ylmy-önümçilik merkezinde alnyp barylýan ylmy işler we döredilýän programma üpjünçilikleri ýokarda agzalan sanly tehnologiýalara esaslanýar. Merkez tarapyndan döredilýän programma üpjünçilikleri iň öňdebaryjy programmirleme ulgamlary, gurşawlary we dilleri ulanylyp taýýarlanylýar. Taýýarlanylýan programma üpjünçilikleri hil, goraglylygy we howpsyzlygy babatda ýokary derejede.

“Sanly tehnologiýalar we maglumatlary goramak” ylmy-önümçilik merkezinde bilim, jemagat hyzmatlary, saglygy goraýyş, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, salgyt, hukuk goraýjy, bank, söwda, ulag we aragatnaşyk ulgamlary we edaralar arasynda elektron resminama dolanyşygy üçin dürli programma üpjünçilikleri taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ylmy-önümçilik merkezde aşakdaky ugurlar boýunça programma üpjünçilikleri we ulgamlar işlenip taýýarlanyldy we has hem kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

- Edara-kärhanalar üçin elektron resminama dolanyşygy ulgamy;

- Sport bäsleşiklerini awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak, bäsleşiklerde geçirilýän duşuşyklar we tutluşyklar baradaky maglumatlary göni ýaýlymda efire bermek we köpçülige ýetirmek üçin ulgamy;

- Edara-kärhanalar üçin sanly işgärler bölümi;

- Dürli maksatlar üçin web-saýtlary, mobil gurluşlar üçin goşundylar, desktop programma üpjünçilikleri;

- Elektron söwda ulgamy;

- Sanly lukmançylyk ulgamy;

- Sanly bilim ulgamy;

Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm