Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Orta Aziýa boýunça geçirilen XXIV Suhangöýlik bäsleşigi

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda  bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda, milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde alnyp barylýan bilim -terbiýeçilik, ylym, sport-medeni köpçülikleýin işlerini ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr.

Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, sanly ulgam arkaly online görnüşde 2021-nji ýylyň maý aýynyň 30-na, Özbegistandaky  Ýaponiýanyň ilçihanasy we Özbegistanyň Ýapon dili mugallymlar birleşmesiniň gurnamagynda Orta Aziýa döwletleriň arasynda XXIV ýapon dili boýunça Suhangöýlik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Orta Aziýadan ýagny, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar ýapon dilinde öz ýazan erkin temadaky düzmeleriniň ähmiýeti has düşnükliligi, sözleýişiň logikasynyň ýerbe-ýer aýdylyşynyň dogry hem-de ses basymynyň sazlaşyklylygy ýaly şertler bilen çykyş etdiler. Bu bäsleşikde ýurdumyzdan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Öräýewa Bägül üstünlikli çykyş edip baýrakly oruna mynasyp bolup, ýakynda Russiýa döwletinde geçiriljek ýapon dili boýunça Halkara Suhangöýlik bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşikde baýrakly orunlary alan ýeňijiler hormat hatlary we sowgatlary bilen sylaglandylar.

Biz hem Öräýewa Bägüli öz ýeňşi bilen gutlap, oňa okuwlarynda mundan beýläk-de uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

 

Esenmyrat Dadaýew.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

mugallymy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm