Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2021-nji ýylyň 20-nji maýynda sagat 15:00-da “Açyk gapylar” gününi geçirýär.

    Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2021-nji ýylyň 20-nji maýynda sagat 15:00-da 2021/2022 - nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriniň okuwçylary, harby bölümleriniň esgerleri, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlar üçin “Açyk gapylar” gününi geçirýär

    “Açyk gapylar” gününde ýaşlar Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, uniwersitetde taýýarlanylýan hünär ugurlary, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik we ylmy işleri, şeýle hem, talyplaryň ýokary derejede bilim alyp kämil bakalawrlar we magistrler bolup ýetişmekleri üçin döredilen şertler bilen hem-de döwrebap ýokary tehnologiýalar, enjamlar bilen abzallaşdyrylan okuw otaglary, barlaghanalary, “Oguz han” innowasion toplumy, kitaphanasy, sport-sagaldyş toplumy we umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşyp bilerler.

                        Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň Köşi köçesiniň 100-nji jaýy.

                        Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-16-12, 39-16-40




Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm