Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

“Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

2021-nji ýylyň 3-nji maýynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna baky Bitaraplygyň  26 ýyllygy hem-de «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahata dünýäniň ýigrimi ýurdundan iri ylmy merkezleriň  ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, dürli ulgamlaryň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Bu halkara ylmy-amaly maslahatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Azerbaýjandan, Italiýadan, Polşadan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan we birnäçe daşary ýurtlardan görnükli alymlary çykyş etdiler.

Halkara ylmy-amaly maslahat öz işini Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hem-de Telekommunikasiýalar we informatika institutynda “Innowasion ykdysadyýet — ösüşleriň gözbaşy”, “Nebitgaz pudagynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti”, “Maglumat we telekommunikasiýa tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlyk” diýen ýörite üç bölümde dowam etdi.

Enwer Atamyradow.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

mugallymy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm