Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

“Sport we ýaşlar syýasatynyň kämil ýollary” atly duşuşyk geçirildi

2021-nji   ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi, Sport we Ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen yzygiderli alnyp barylýan duşuşygyň nobatdaky sany geçirildi.

Bu duşuşykda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň Esasy hünärmeni Bibigozel Annaorazowa, Sport we Ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Dördünji sport mekdebiniň lukmany Annajeren Mahmudowa we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary Perhat Çaryýew we Daýanç Nazarow gatnaşdylar.

Bu duşuşygy Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Daýanç Nazarow alyp bardy.

Bu duşuşykda  Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda ýaşlar baradaky dowlet syýasatynyň 2021-2025 ýyllary üçin döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi hem-de onuň kesgitlenen wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
                                        

        

        Merdan Gurbanow,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

mugallymy.   



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm