Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

“Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly bäsleşigiň ýeňijisi

2021-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen uniwersitetiň talyp ýigitleriniň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige her fakultetden bir talyp ýigit gatnaşyp, üç şert boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň birinji şertinde ýigitler özüniň saýlan hünäriniň jemgyýetimizdäki ornuny çeper sözler bilen wasp etdiler. Ikinji şertde “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly bilen baglanyşykly talyp ýigitler özüniň sungata bolan söýgüsini aýdym-sazyň, goşgynyň we sahna eseriniň üsti bilen açyp görkezdiler. Üçünji şertde bäsleşige gatnaşýan talyp ýigitler ýekelikde şorta söz ýerine ýetirdiler. Emin agzalarynyň gelen netijeleri boýunça Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Innowatika taýýarlygy ugrunyň 3-nji ýyl talyby Musa Mämmedow  baş baýraga mynasyp boldy. Biz hem Musa Mämmedowy gazanan üstünligi bilen gyzgyn gutlap, oňa bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda hem üstünlikleri arzuw edýäris.

 

Ejebaý Berdiýewa,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm