Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

“Şygryýet bilbili” bäsleşiginiň ýeňijisi

            Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk ýubileý baýramçylgynyň bellenýän günlerinde ýurdumyzda birnäçe döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Şular ýaly döredijilik bäsleşikleriň biri hem Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň we “Nesil” gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamagynda Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýyl “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyny şöhratlandyrmak, giňden wagyz etmek maksady bilen “Şygryýet bilbili” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu döredijilik bäsleşigine Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň döredijilik bilen meşgullanýan talyplary hem işjeň gatnaşdylar we Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili) hünariniň 1-nji ýyl talyby Ylýas Amangeldiýew özüniň Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, gözel paýtagtymyzy, behişdi bedewleri wasp edýän goşgy setirleri bilen çykyş edip,  Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Hormat haty bilen sylaglandy. Talyplaryň şular ýaly bäsleşiklerde ýeňiji bolmagy biziň döredijilige bolan höwesimizi ýene-de bir ýola artdyrýar. Ylýas Amangeldiýewi gazanan ýeňişi bilen gutlap, döredijilik äleminde galamynyň ýiti bolmagyny arzuw edýäris.

 

Sähra Akmyradowa,

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar

                             uniwersitetiniň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti

fakultetiniň Filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili) 

hünariniň 1-nji ýyl talyby.

 



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm