Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

“Aşgabat-Aşgabat, janym, Aşgabat, Watanym, şöhratym, şanym, Aşgabat” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi

2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli   “Aşgabat-Aşgabat, janym, Aşgabat, Watanym, şöhratym, şanym, Aşgabat” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Aýdym-sazly dabara Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, uniwersitetiň professor mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Dabarany Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň   mugallymy Wepa Öwezow alyp bardy. Bu aýdym-sazly dabara, şeýle-de uniwersitetiň okuw bölüminiň başlygy Mährijemal Öwezowa, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň   mugallymy   Daýanç Nazarow, Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Agajan Apbaýew dagylar gatnaşdylar.    

Dabara gatnaşyjylar dünýäde ak mermere örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan türkmen paýtagty bu gün ösüşiň, rowaçlygyň, gözelligiň, bagtyýarlygyň, berkarar döwletliligiň, aýratynda, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna gönükdirilen tutumly maksatlaryň amal edilýän, umumadamzadyň bähbitlerini nazarlaýan halkara ähmiýetli başlangyçlaryň durmuşa ornaşdyrylýan ajaýyp mekanyna öwrüldi. Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk­binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde paýtagtymyzda bina edilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarydyr beýleki durmuş­medeni maksatly desgalaryň tapgyrlaýyn esasda yzygiderli açylyp ulanylmaga berilmegi we olaryň birnäçesiniň özboluşly binagärlik keşbi, inženerçilik tehniki çözgütleri esasynda halkara derejeli abraýly baýraklara mynasyp bolandygy we ýurdumyzyň beýik ösüşleri bilen birlikde, ak bagtymyzyň wysaly Aşgabat şäheriniň nurana keşbiniň günsaýyn gözelleşýändigi barada giňişleýin gürrüň edildi we dabaranyň dowamynda uniwersitetiň “Oguzlar” döredijilik toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşa tomaşa edildi.

Merdan Gurbanow,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

mugallymy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm