Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde,  Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde talyp ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, kanunbozulmalaryň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

          Bu duşuşykda myhmanlar Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bölelin, parahat durmuşda ýaşamaklary babatda alyp barýan işleri dogrusynda, esasanam, ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly we sagdyn bedenli bolmaklary üçin döredilýän mümkinçilikler barada  giňişleýin gürrüň berdiler.

          TIIM-niň PÝGM-niň we JAM-niň wekilleri ýaşlaryň arasynda bolup geçýän nogsanlyklar, pyýada we ulaglylaryň ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy barada we bularyň derňew döwründe üsti açylanda ýaşlaryň we olaryň ene-atalarynyň kyn ýagdaýa düşýändikleri barada aýdyp geçdiler. Ýaşlara häzirki döwürde döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaramaz endiklerden daşda durup gowy okamaklaryny, köpçülik ýerlerde özlerini tertipli alyp barmaklaryny sargadylar.

          Soňra Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekilleri çykyş etdiler. Olar öz çykyşynda “Hormatly Prezidentimiziň  alyp barýan işleriniň  esasy  maksady  Watanymyzy  gülledip  ösdürmekden,  halkymyzy  bagtyýar  durmuşda  ýaşatmakdan  ybaratdyr, siz ýaş nesiller watançy bolmaly” diýip bellediler. Talyp ýaşlaryň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, taryhy, milli  şahsyýetlerimiziň mysalynda terbiýelemekde  ähmiýetiniň  örän  uludygyny nygtadylar. Eziz  Watanyňy, hormatly  Prezidentimizi  söýmek, döredilýän   bimöçber  mümkinçilikleriň   gadyryny bilmek hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

      Çäräni uniwersitetiň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy D.Nazarow alyp bardy. Çykyş edenlere sag bolsun aýtdy. Talyplara aýdylanlardan dogry netije çykarmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara edýän ynamyny ödemegi, gowy okamagy, ezber hünärmenler bolup, gelejekde ýurdumyzy ösdürjek ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň sagdyn ruhly, berk bedenli we ylymly-bilimli bolmaklary üçin edýän aladalaryna talyplaryň adyndan sag bolsun aýdyp çäreni tamamlady.

Eziz Meredow,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

llkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm