Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Dal bedewler halkymyzyň baýlygy, Buýsanjymyz-türkmen alabaýlary

2021-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna we Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp “Dal bedewler halkymyzyň baýlygy,   Buýsanjymyz-türkmen alabaýlary” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.   Bu duşuşykda türkmen bedewleri we alabaýlary barada sergi hem gurnaldy. Baýramçylyk çäresine Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň seýsi, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Derýa Saparow we Türkmenstanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Jemgyýetçilik kafedrasynyň mugallymy Wepa Öwezow, Biotehnologiýa we ekologiýa kafedrasynyň mugallymy Ýuldaşow Bahadyr we Molekulýar biologiýa we genetika kafedrasynyň mugallymy Döwlet Porrykow dagylar gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler türkmen ahalteke bedewleri, olaryň owadanlygy, seýisçilik sungaty, syrlary we türkmen alabaýynyň batyrlygy, merdanalygy, wepalylygy barada giňişleýin gürrüň edildi. 

Seýýara Saparowa,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

mugallymy



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm