Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

"Durnukly ösüş maksatlary" boýunça internet arkaly halkara onlaýn olimpiadasy geçirildi

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen ýaşlary halkara internet ýaryşlaryna gatnaşýarlar, yzygiderli baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Şeýle görkezijiler ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmäge berilýän ünsüň has­da ýokarlanýandygyna, onuň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen täze zehinleriň ýüze çykýandygyna şaýatlyk edýär.

      2021-nji ýylyň mart  aýynyň 30-31-i seneleri aralygynda Merkezi  Aziýa ýurtlarynyň talyplarynyň arasynda geçirilen “Durnukly ösüş  maksatlary”  boýunça internet arkaly halkara onlaýn olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiýada  Türkmenistanyň Oguz han adyndaky  Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Innowasiýalaryň  ykdysadyýeti  fakultetiniň  1-nji  ýyl  talyplary hem gatnaşyp, ýokary  orunlara mynasyp  boldular. Innowasiýalaryň  ykdysadyýeti  fakultetiniň, Innowasion ykdysadyýet  taýýarlygy  ugrunyň  1-nji ýyl talyby  Mämmedowa  Ogulşat  I  orna, Işgärleri  dolandyryş taýýarlygy  ugrunyň  1-nji  ýyl  talyby  Begliýewa  Altyn  II  orna, Innowatika  taýýarlygy  ugrunyň 1-nji  ýyl talyby  Myratgulyýewa  Laçyn III  orna mynasyp  boldular.

     Ýaş nesliň ylym­bilimli, kämil bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, alyp barýan işleri üstünliklere beslensin!

 

Seýýara Saparowa,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm