Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Merjen şäher Aşgabat

2021-nji ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Innowatika fakultetiniň Dil öwreniş bölüminiň 101-108, 123,134-nji toparlarynyň arasynda 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli “Merjen şäher Aşgabat ” atly aýdym-sazly baýramçylyk bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda oňa gatnaşan talyplar dürli ugurlar boýunça erkin aýdym aýtmak, tans etmek, degişme sahnalaryny ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşikde şu aşakdaky şertler ýerine ýetirildi:

·        Watan waspy “Aşgabadyň 140 ýyllygy we Garaşsyzlyk barada kompozisiýa we wideo roligiň üsti bilen Watanymyzy wasp etmek” (5-7 minut).

·        “Watan söýgüsi soňlanýan däldir” temasynda sahna (5-10 minut).

·        Aýdymyň üsti bilen Aşgabady wasp etmek (5 minut).

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde edebi-sazly kompozisiýa baýramçylyk konsertiň jemlenmesine öwrüldi. Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli bagyşlanan bu aýdym-sazly bäsleşik, talyp deň-duşlarymyň kalplarynda mähriban Watanymyza, ýurdumyzy ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan mähriban Arkadagymyza bolan hoşallyk duýgularyny kalplarynda besleýän tomaşaçylarda ýakymly täsirler galdyrdy.

Aýna Käbäýewa,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň

1-nji ýyl talyby.

 



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm