Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Zenan gözelligi nusgadyr ile

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 2021-njy ýylyň  9-njy aprelinde talyplaryň arasynda Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşulular Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi, Talyplar saglyk öýüniň lukmanlary bilen bilelikde Zenan gözelligi nusgadyr ile” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda: Ogulgül Annageldiýewa – Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşulular Geňeşiniň agzasy zähmet weterany, Gülälek Baýramalyýewa – Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni, Arabowa Şemşat – Talyplar saglyk öýüniň ginekolog lukmany, uniwersitetiň önümçilik tejribe okuwynyň ýolbaşçysy Mährijemal Öwezowa dagylar çykyş etdiler.

    Wagyz-nesihat duşuşygynda myhmanlar Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bolelin, parahat durmuşda ýaşaýşy, zenanlara goýulýan sarpa we ýaş nesliň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, sagdyn bedenli bolmaklary üçin döredilýän mümkinçilikler, alnyp barylýan işler barada  giňişleýin gürrüň berdiler.

    Ýaşulular Geňeşiniň agzasy, zähmet weterany Ogulgül Annageldiýewa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlara goýulýan hormat we ene-mamalarymyzdan galan milli miraslarymyz, el işleri, keşdeler, halyçylyk sungaty, türkmen zenanlaryň edim-gylymlary barada giňişleýin buýsançly gürrüňler etdi.

    Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň baş hünärmeni Gülälek Baýramalyýewa hä­zir­ki ­wagt­da ­ýaş ­nes­li­ ter­bi­ýe­läp­ ýe­tişdir­mek ­işi­ne­ döwlet­ sy­ýa­sa­ty­nyň ­ile­ri­ tu­tul­ýan ugry hökmünde garalýar. Hormatly Prezidentimiziň “Yurdumyzyň geljegi şu günki ylymly-bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly ýaşlara baglydyr” diýen sözlerinden ugur alyp, ýaşlaryň döwrebap bi­lim-ter­bi­ýe­ al­mak­la­ry,­ ukyp-ba­şar­nyk­la­ryny artdyrmaklary, dynç almaklary, mahlasy, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmekleri üçin­ dö­re­dil­ýän ­
şert­ler­ barada gürrüň etdi.
    

Talyplar saglyk öýüniň ginekolog lukmany Arabowa Şemşat ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan sagdyn durmuş ýörelgeleri we ýüze çykýan nogsanlyklary barada gürrüň berdi. Lukman talyplara Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly: “Saglygyň gadryn bilgil, hassa bolmazdan burun” diýen sözlerinden ugur alyp, hassalygyň öňüni almak bilen baglanyşykly geçirmeli çäreler dogrusynda: arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, howpsuz araçägi saklamak, agyz­burun örtükleriniň ähmiýeti, möwsümleýin döreýän ýiti respirator keselleriň öňüni almak we goranmak, kadaly iýmitlenmek, öňüni alyş sanjymlaryň ähmiýeti, köpçülikleýin öňüni alyş saglyk barlaglaryndan ýylda bir gezek geçmegiň ähmiýeti dogrusynda we ýarawsyz wagtynda lukmanlaryň maslahaty esasynda bejergi almak işleriň zerurlygy barada gürrüň berdi.

          “Zenan gözelligi nusgadyr ile” ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar halkymyzy bagtyýar zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il­ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

                                                                                                                                                                                          Seýýara Saparowa,

                                                                       Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

                                                                       Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň                         

                                                                                           mugallymy



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm