Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Hoşallyk maslahaty geçirildi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir güni hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýä dolduryp, asyrlara ýaň salýan beýik işlere, il-gün, umumadamzat ähmiýetli döwletli tutumlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmakda, ykdysady kuwwatyny has-da ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýär.

          Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzasynyň şahsyýetnamasynyň gowşurylmagy mynasybetli, şeýle-de ýurdumyzda bolup geçýän möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalar barada uniwersitetiň professor mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi.  Bu hoşallyk maslahatynda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowyň merkezi saýlaw toparynyň we topar agzalarynyň ählisiniň adyndan Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy we  Milli parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly düzüminiň döredilmegi,  Türkmenistan Watanymyzyň okgunly ösüşi barada giňişleýin gürrüňler edildi.

          2021-nji ýylyň 31-nji martynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyna gatnaşdy we onda maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynda medeniýete, ylma we bilime uly ornuň degişlidigini, Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça meşhur şahyrlarymyzyň we ýazyjylarymyzyň, tanymal medeniýet we sungat işgärlerimiziň eserleriniň dünýä derejesinde tanyşdyrylmagy we ýaýradylmagy barada eden çykyşy hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

          Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň rowaçlyklara  beslenmegini  arzuw edilip, uniwersitetiň “Oguzlar” döredijilik toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ”Arkadag” we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli Watan hakynda aýdymlaryň ýaňlanmagy bilen Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Merdan Gurbanow,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm