Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Sport çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde aýdym-sazly sport çäresi geçirildi. Sportuň gadryny bilýän, türkmen sportunyň ösmegi üçin uly işler edilýän gözel ýurdumyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni uly dabaralar bilen bellenilip geçilýär. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli uniwersitetiň “Oguzlar” döredijilik toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde türkmen sportunyň waspyny edýän aýdymlar ýaňlandy, şol aýdymlaryň astynda sport tanslary ýerine ýetirildi. Şeýle hem, uniwersitetiň sport bilen meşgullanýan talyplarynyň gatnaşmaklarynda sportuň futbol, woleýbol, basketbol, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis, agyr atletika görnüşlerinde çykyşlar görkezildi, talyplaryň gatnaşmagynda uniwersitetiň howlusynda tigir ýörişi hem geçirildi.

Sportda we sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmakda ýaşlara görelde bolýan Hormatly Prezidentimize türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermekde alyp barýan işleri üçin alkyşlar aýdyldy.

 

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport barada aýdanlaryndan:

 

Sport häsiýeti, maksada okgunlylygy, çydamlylygy, mertligi we durnuklylygy terbiýelemegiň ajaýyp serişdesidir.

 

Durmuşyň bize galdyran sagdyn ýaşamak babatdaky tymsalynyň mazmuny sportda jemlenýär. Sport — saglyk, rowaçlyk. Bular bolsa maksadyň we yhlasyň bitewüleşmeginde hasyl bolýan arzyly maksadymyzdyr.

 

–Sport sagdynlygyň gözbaşydyr. Sporta bolan söýgi–munuň özi durmuşa bolan söýgüdir. Öz-özüňi beden taýdan taplamak, sagdyn ýaşamak türkmen halkynyň umumydünýä medeniýetinde galdyran nusgalyk milli ýörelgesidir.

 

–Sagdyn döwlet–bu diňe syýasy taýdan däl, eýsem sagdyn jemgyýet, sagdyn raýat, bilimli, dünýä ösüşlerinden doly habarly, şoňa goşulmaga ählitaraplaýyn taýýarlykly sagdyn nesildir.

Häzirki döwürde sporty we bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmak döwlet syýasatymyzyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Sport sagdynlygy hem ruhubelentligi döredýär.

 

–Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr.

 

Seýýara Saparowa,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm