Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

“Aşgabatda aýratyn bir jady bar, Aşyklar şäheri diýen ady bar” atly dabaraly çäre geçirildi

2021-nji ýylyň aprel aýynyň 1-ine, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Diller kafedrasynyň gurnamagynda “Aşgabatda aýratyn bir jady bar, Aşyklar şäheri diýen ady bar atly ak mermerli Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Bu çärä uniwersitetiň  professor, mygallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Bu çärede «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»   ýyly ýurdumyzyň syýasy­jemgyýetçilik durmuşynda ähmiýetli wakalara baý ýyllaryň biri hökmünde taryhyň altyn sahypalaryna ýazylýanlygy barada aýdylyp geçildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy milli Liderimiziň halkara başlangyçlarynyň rowaçlanmagy, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy we beýleki köpsanly milli­medeni gymmatlyklarymyzyň dünýäde dabaralanmagy, milli ykdysadyýetiň ýeten sepgitleri nazara almak maksady bilen birnäçe gyzykly çykyşlar iňlis dilinde diňlenildi. Diller kafedrasynyň müdiri O.Möwlamowa “Ashgabat is a city of Miracles and Love, Diller kafedrasynyň mugallymy B.Tagyşow “Ashgabat is a Pearl city of Wonders”, şeýle-de filologiýa taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyplary A.Muhamowa “Ashgabat is the center of education and science” we L.Muhammedowa “The White city of beauty and harmony atly temalarda gyzykly cykyşlary bilen Aşbagabadyň taryhy we ýadygärlikleri barada giňişleýin gürrüň etdiler.

          Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ak mermere, al-elwan güllere, bagy-bossanlyga beslenen we Ginnesiň rekordlar kitabyna giren halkara forumlaryň, sergileriň, duşuşyklaryň, festiwallaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülen paýtagt şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi.

 

Merdan Gurbanow,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm