Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Uniwersitetde wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetininde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Kazyýetiniň kazysy Maksat Herräýew, Bagtyýarlyk etrap RÝNÝ-yň bölüm müdiri Jahan Saparowa, şeýle hem, uniwersitetiň Biotehnologiýa kafedrasynyň mugallymy Gülnar Gurbanowa, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Perhat Çaryýew we uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplar gatnaşdylar.

          Wagyz-nesihat çäräniň dowamynda ýaşlary maşgala gatnaşyklaryna, nika taýýarlamak, nika baglaşmak, maşgala ojagyny saklamak, birek-birege düşünişip ýaşamak, gelniň baran öýünde özüni alyp barşy dogrusynda gürrüň edildi.

          Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap RÝNÝ-yň bölüm müdiri Jahan Saparowa öz çykyşynda Bagtyýarlyk etrap RÝNÝ-yň  bölüminiň hasaplamalaryna görä, 2020-nji ýylda raýatlaryň arasynda nika bozulmalaryň köpelýänligini aýdyp geçdi. Nikanyň bozulmagy maşgalanyň dargamagyna getirýär. Türkmençilikde agzybirlik öýüň baş döwleti hasaplanýar. Agzybirlik maşgaladaky terbiýäniň özenini düzýär. Maşgalada özara gadyrly gatnaşygyň kemala getirilmegi jemgyýetiň jebisleşmegine täsir edýär. Maşgala agzalarynyň gatnaşyklary netijesinde jemgyýetde ula sarpa, kiçä hormat goýmak, zenan maşgalalara goýulýan sarpanyň ýüze çykýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdi. Haýsy maşgala agzybir bolsa, şol maşgala döwletlidir diýip aýdyp geçdi.

          Soňra Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Kazyýetiniň kazysy Herräýew Maksat çykyş etdi. Ol çykyşynda maşgala we hukuk gatnaşyklary, nika baglaşmagyň tertibi dogrusynda söhbet etdi.

          Biotehnologiýa kafedrasynyň mugallymy Gülnar Gurbanowa maddy we ruhy gymmatlyklar, dini däp-dessurlar, maşgala terbiýesi, watansöýüjilik, wepalylyk, agzybirlik hormat-sylag hakynda çykyş etdi.

Halallyk, ynsaplylyk maşgalanyň sütüni, ynsany adam edýän nusga. Şol nusga, şol häsiýet, şol terbiýe, şol asyllylyk — ynsanlygyň ölçegi. Türkmençilikde maşgala gurmak diýmek, gowy adamlar bilen garyndaşlyk açmagy — halal, ynsaply adamlar bilen gatnaşyk açmagy aňladýar. Her bir ata-ene maşgala gurmak meselesinde akylly-başly netije çykaryp, gowy çözgüt tapmagy — halal, ynsaply adamlar, gowy adamlar bilen garyndaşlyk açmagy maksat edinýär.

          Jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň mugallymy Perhat Çaryýew çäräni jemläp, ýaşlary maşgala gatnaşyklaryna taýýarlamak barada çykyş etdi. Mugallym öz çykyşynda maşalanyň funksiýalary, görnüşleri, ýaşlaryň durmuşa bolan sosial we ahlak taýýarlygy barada durup geçdi.

          Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda dabara gatnaşyjylar ýaşlaryň arasynda şeýle wagyz-nesihat işlerini geçirmek üçin mumkinçilik döredip berýän mähriban Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Seýýara Saparowa,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.

         

 

 

 



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm