Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynda milli bahar baýramy mynasybetli “Hoş geldiň Nowruz ilime” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ylmy – amaly maslahat 17.03.2021 ý senesinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň baş binasynyň kiçi mejlisler zalynda geçirildi. Maslahatda esasan tebigy we takyk ylymlara bagyşlanan jemi 10 (on) sany çykyş diňlendi. Çykyş edenleriň arasynda ylmy işgärler bilen birlikde, mugallymlar we talyplar hem ylmy – amaly maslahatyň işine gatnaşdylar we özleriniň ylmy nutuklary bilen çykyş etdiler.

Ylmy – amaly maslahatda çykyş edenleriň ählisiniň çykyşlary gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi we çykyşlar babatda pikir alyşyldy. Çykyşlarda Nowruz geldi Arkadagly ilime, Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda, Dogry iýmitlenmegiň Saglyk üçin peýdasy, Tebigy iýmit boýaglarynyň ekstraksiýa edilişi we ulanylyşy, “Mikrogrin” we onuň adam saglygy üçin peýdasy, Ösümlikleri mikroklonal köpeltmek boýunça geçirilen barlaglar, Buýan sirkesiniň öndürilişi barada giňişleýin gürriň berildi. Ylmy-barlag işleri alyp barýan ylmy işgärleriň şeýle-de mugallymlar bilen talyplaryň arasyndaky aragatnaşygyň has-da berkemegine maslahatyň uly itergi berendigi aýratyn bellärliklidir.

Ylmy – amaly maslahatyň işine gatnaşyjylar dünýä ylmyny öwrenmekde aýrylmaz bölek bolan tebigy we takyk ylymlar boýunça ýetilen sepgitleri we täze tehnologiýalaryň ösüşiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle-de ýaş alymlaryň bilelikde ylmy-barlag işleri alyp barmaklaryna döredip berlen mümkinçilikleri üçin Türkmensitanyň Hormatly Prezidentine we ylmy-amaly maslahaty gurnap berenligi üçin ony gurnaýjylara çuňňur minnetdarlyk bildirdiler.

Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilen bu ylmy-amaly maslahatyň tebigy we takyk ylymlaryň ösmegi, halk hojalygyna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şeýle-de önümçilik toplumyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belläp geçmek zerurdyr.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm