Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Hoşallyk çäresi geçirildi

2021-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky  Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hoşallyk çäresi geçirildi. Bu çärede  Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sporty ösdürmek we ýaşlarda sporta bolan höwesiň, söýginiň döremegi üçin alyp barýan bimöçber işleri barada çykyşlar gurnaldy. Sport ruhy we beden saglygynyň daýanjy, jemgyýetiň kämilleşmeginiň binýady hasap edilýär.

     Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen agyr atletikaçysy Ýulduz Jumabaýewa  2018-nji ýylyň agyr atletikasy boýunça 45 kilograma çenli agramda dünýä çempionynyň iki sany altyn medalyny gowşurandygy we Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgadyna — «Lexus Sportplus»  kysymly gymmatbahaly awtoulagyna  we ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin hem-de halkara ýaryşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň sport abraýyny goramakda uly üstünlikleri gazanandygy  üçin Ýulduz Alymbaý gyzy Jumabaýewany Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanandygy barada aýdylyp geçildi.

Gelejegimiziň eýeleri bolan ýaş nesli sagdyn bedenli edip terbiýelemek, şeýle-de, olary ýaramaz endiklerden gorap saklamak maksady bilen ýurdumyzda döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaşlaryň arasynda yzygiderli sport çäreleri geçirilýär. Çäräniň ahyrynda uniwersitetiň talyp ýaşlary hem Hormatly Prezidentimize sportuň ähli görnüşleri boýunça türgenleşmäge döreden mümkinçilikleri üçin  hoşallyk bildirip, köp sagbolsun aýtdylar.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm