Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

“Talyp gözeli – 2021” gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

  Halkara zenanlar baýramynyň  öňüsyrasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Zenanlar birleşiginiň hem-de Bilim ministrliginiň guramagynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda her ýyl geçirilýän «Talyp gözeli — 2021»  bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşige ýokary okuw jaýynda ýeňiji bolan 21 sany dalaşgär «Talyp gözeli — 2021» adyny almak ugrunda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde bäsleşdiler. Bu bäsleşik üç tapgyrda geçirildi.

Birinji tapgyrda oňa gatnaşyjylar döredijilik ukybyny hem-de zehin başarnyklaryny açyp görkezdiler. Soňra eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň aşpezlik ukybyny gözden geçirdiler. Bu tapgyrda talyp gyzlaryň unaş kesmek boýunça ezberligi seljerildi. Üçünji tapgyrda talyplar keşde çekip, el işinde ukyp başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşige Türkmenistanyň Oguz han adyndaky  Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň filologiýa taýýarlygy ugrunyň 1-nji ýyl talyby Annamyradowa Merýem gatnaşyp, höweslendiriji baýraga mynasyp boldy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm