Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

2021-nji ýylyň mart aýynyň 5-ine, Türkmenistanyň ylym-bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky Komiteti, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunlaryň berjaý edilşinde gözegçilik bölüminiň, Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň Aşgabat şäher Berkarar etrap Polisiýa bölüminiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.  

Ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen talyp oglanlaryň arasynda guralan bu maslahat Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň merkezi binasynyň mejlisler  jaýynda geçirildi. Oňa ýurdumyzyň dürli pudagynda zähmet çekýän wekiller gatnaşdylar.

             Umuman, myhmanlaryň çykyşlary talyplarda uly täsir galdyrdy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Ylmy işleri boýunça prorektory A.Muhammedow çykyş edenlere uniwersitetiň mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan minnetdarlyk bildirip, talyplara çykyşlardan dogry netije çykarmaklaryny, zyýanly endirklerden daşda durmagy we okap, döredip halal zähmet çekip hormata-sylaga mynasyp bolmagy nygtap geçdi. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara edýän ynamyny ödemegi, gowy okamagy, ezber hünärmenler bolup, gelejekde ýurdumyzy ösdürjek ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň sagdyn ruhly, berk bedenli we ylymly-bilimli bolmaklary üçin edýän aladalaryna talyplaryň adyndan  sagbolsun aýdyp çäräni tamamlady.

Merdan Gurbanow,

                                      Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm