Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
Baş sahypa
Uniwersitet barada
◈ Uniwersitetiň gurluşy
◈ Akademiki tertipnama
◈ Aşgabat bilen tanyşlyk
◈ Açyk desgalar
◈ Wideolar
Uniwersitet durmuşy
◈ Uniwersitet durmuşy
◈ Okuw tölegi
◈ Daşary ýurtda okamak
◈ Kär maglumatlary
◈ Jemgyýetçilik guramalary
Akademiki-senagat hyzmatdaşlygy
◈ Ylmy-önümçilik merkezleri
◈ Umumy we amaly biologiýa instituty
Täzelikler
«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemi jemlendi
Hasyl toýuna bagyşlanyp “Biotehnologiýanyň we sanly tehnologiýanyň häzirki zaman ösüşiniň ähmiýeti we meselesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
Ösümlik dünýäsi - gymmatly hazyna
Sanly bilim ulgamy halkara hyzmatdaşlykda
Baş sahypa
> Täzelikler
«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemi jemlendi
2020-nji
ýylyň dekabr aýynyň 5-ine
2020-nji ýylyň 23 – 27-nji noýabr aralygynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilen maglumat telekommunikasiýa ulgamynda
«Sanly çözgüt – 2020»
tly innowasion taslamalar bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we kommunikasiýa, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi telekeçilik, akylly şäher ýaly 7 ugur boýunça geçirildi.
Eminler toparynyň çykaran netijesi esasynda bäsleşigiň her bir ugry boýunça bir sany birinji, iki sany ikinji we üç sany üçünji orun kesgitlenildi.
«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşigine
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary öz taslama işleri bilen gatnaşdylar hem-de baýrakly 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldylar. 7 ugur boýunça jemi 42 orundan 14 oruny eýelemegi başardylar. Olardan 4 sanysy 1-nji orun, 5 sanysy 2-nji orun we 5 sanysy 3-nji orun.
«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşigine gatnaşyp
1-nji orna
mynasyp bolan taslama işler:
·
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlygy ugrunyň 4-nji ýyl talyby Ruslan Hasanow - «Saglygy goraýyş» ugry boýunça «
Raýatlar we lukmanlar üçin elektron saglyk ulgamy
» atly işi;
·
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlygy ugrunyň 3-nji ýyl talyby Aşyrbaýew Jasurbek - «Akylly şäher» ugry boýunça «
Speech to Text
» atly işi.
Bu programanyň esasy maksady sesi ýazga öwürmek. Programma emeli aňyň düzüm bölekleri bolan «machine learning» bilen işleýär».
·
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Döwlet Saryýew - «Ulag we kommunikasiýa» ugry boýunça «
Pudagara elektron resminama dolandyryş ulgamy
» atly işi;
·
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Sanly infrastruktura we kiberhowpsyzlyk taýýarlygy ugrunyň 1-nji ýyl talyby Öwezberdi Kakajanow - «Orta we kiçi telekeçilik» ugry boýunça «
Elektrik we elektron oýunjaklar
» atly işi;
«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşigine gatnaşyp
2-nji orna
mynasyp bolan taslama işler:
·
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlygy ugrunyň 2-nji ýyl talyby Şageldi Alyýew - «Orta we kiçi telekeçilik» ugry boýunça «
Tagamlary onlaýn sargyt etmek we eltip bermek ulgamy
» atly işi;
·
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlygy ugrunyň 4-nji ýyl talyby Arslanbek Ametow - «Hyzmatlar» ugry boýunça «
Sport bäsleşiklerini geçirmegi awtomatlaşdyrmak, wagt we utuk hasaplaryny dolandyrmak, maglumatlary teleýaýlyma çykarmak ulgamy
» atly işi;
·
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Azat Babaýew- «Akylly şäher» ugry boýunça «
Akylly öý
» atly işi;
·
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Süleýman Nökerow- «Ylym we bilim» ugry boýunça «
Öýjükli torlaryň radiotolkunlarynyň ýaýraýyş parametrleriniň ylmy-barlag derňewleri
» atly işi;
·
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Mehatronika we robot tehnikasy taýýarlygy ugrunyň 2-nji ýyl talyby Geldi Durdyýew - «Senagat» ugry boýunça «
Led paneller
» atly işi;
«Sanly çözgüt – 2020» atly innowasion taslamalar bäsleşigine gatnaşyp
3-nji orna
mynasyp bolan taslama işler:
·
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlygy ugrunyň 4-nji ýyl talyby Kerim Täçgurbanow - «Ulag we kommunikasiýa» ugry boýunça «
Hakyky wagtda aragatnaşyk ulgamy
» atly işi;
·
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlygy ugrunyň 4-nji ýyl talyby Babamyrat Nurgeldiýew - «Ylym we bilim» ugry boýunça «
Ýokary okuw mekdebi üçin sanly bilim ulgamy
» atly işi;
·
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
Nanomateriallar taýýarlygy ugrunyň
3-nji ýyl talyby Guwanç Durdyýew - «Ylym we bilim» ugry boýunça «
Mathcient web programmasy
» atly işi;
·
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Informatika we hasaplaýyş tehnikasy taýýarlygy ugrunyň 2-nji ýyl talyby Jumabaý Iskenderow - «Orta we kiçi telekeçilik» ugry boýunça «
“Cldictionary”
web programmasy
» atly işi;
·
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň magistri Jeýran Jumabaýewa - «Saglygy goraýyş» ugry boýunça «
Lukmanlar we näsaglar üçin elektron habarlaşmak we gözegçilik ulgamy
» atly işi;
Bäsleşikde orna mynasyp bolan bu ýaşlar «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan diplom hem-de gymmatly bahaly baýraklar bilen sylaglanyldy.
Çeşme:
https://turkmenportal.com/tm/blog/32690/sanly-chozgut--2020-atly-innowasion-taslamalar-basleshiginin-jemi-jemlendi
Information
tel: +99312 391617
e-mail: contact@etut.edu.tm