Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Hasyl toýuna bagyşlanyp “Biotehnologiýanyň we sanly tehnologiýanyň häzirki zaman ösüşiniň ähmiýeti we meselesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenýän ýylynda toý-dabaralarynyň, buýsançly pursatlaryň sany barha we barha artyp gidip otyr. Gahryman arkadagymyzyň taglymaty bilen halkmyzyň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlanyp, göwünlere ganat berýär, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda görlüp-eşdilmedik üstünlikler gazanylýar.

     “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýylynda hem, ýurdumyzyň oba hojalygynda uly ösüşlere, oňyn özgerişliklere eýe bolunýar. Ine, bu gün bolsa, edermen babadaýhanlarymyz watan harmanyna ak altyn tabşyrmak boýunça meýilnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý edip Garaşsyz we Baky Bitarap watanymyz hasyl toýuny toýlaýar. Bu guwançly we buýsançly waka mynsybetli ýurdumyzyň edara kärhanalarynda, ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly çäreler geçirilýär.

        Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa instituty tarapyndan gurnalan “Biotehnologiýanyň we sanly tehnologiýanyň häzirkizaman ösüşiniň ähmiýeti we meseleleri” atly ylmy-amaly maslahat hem şu buýsançly waka bilen bagly boldy.

         Maslahatda jemi 9 sany çykyşlar diňlenip, olarda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny hemme taraplaýyn ösdürmek boýunça edýän taýsyz tagallalary bilen ýetilen sepgitler, ýurtda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde gazanylan üstünlikler, guş-gursak ak bugdaý we ak altyn öndürmekde şu ýylky gazanylan netijeler barada buýsançly gürrüňler edildi. Şeýle hem, çykyşlarda ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, genetika ýaly ylmyň häzirki zaman ugurlaryny ösdürmek, täze innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy oba hojalygyna giňden ornaşdyrmak, derman ösümlikleri giňden öwrenmek ýaly ugurlarda maslahat edildi.

       Ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde berýän goldaw-hemaýatlary üçin Hormatly Prezidentimize özleriniň ýürekden çykýan, çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler we Alym arkadagymyzyň janynyň sag, alyp barýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm