Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Ösümlik dünýäsi - gymmatly hazyna

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak, halkymyzy bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşatmak babatda il bähbitli, döwlet ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda halkyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesini ýola goýmak ýaly işlere aýratyn ähmiýet berilýär.
 Alym Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ensiklopedik işini ýazmak bilen, lukmançylyk ylmynyňösüşine uly itergi berdi. Bu kitaplarda ýurdumyzda duşýan ösümlikler barada diňe maglumat bermek bilen çäklenilmän, eýsem, olardan kesel bejermek üçin dürli serişdeleriňtaýýarlanyşy barada hem giňişleýin gürrüňedilýär. Ýurdumyzda ösümlikleriň 3000-den gowragy duş gelýär, şolaryň 2000-den gowragy dermanlyk ösümliklerdir. Bu ösümlikleri şypa hökmünde ulanmak boýunça halk lukmançylygynda diýseň köp maglumatlar toplanypdyr. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda Abu Aly ibn Sina, Abu Reýhan Biruni, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Abu Hanif Dinawary, Muhammet Hüseýin ýaly türkmen halkynyň taryhynda yz galdyran alymlarymyzyň döredijiligini öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda hem uly işleri bitirýär.
 Ibn Sinanyňdünýä meşhur «Lukmançylyk ylmynyňkanunlary» atly köp jiltli kitaby 2004-nji ýylda türkmen dilinde neşir edildi. Meşhur lukmanyň ylmy-ensiklopedik işiniň birinji kitaby tutuşlygyna lukmançylygyň umumy kadalaryna bagyşlanypdyr. Ol lukmançylyk düşünjesini kesgitlemek, keseller, olaryň umumy sebäpleri we ýüze çykmalary, saglygy goramak hem-de umumy kesel bejeriş usullary hakyndaky bölümlerden durýar. Ikinji kitap derman serişdelerine bagyşlanyp, olaryň 800-den gowragyna degişli giňişleýin maglumatlar berilýär. Şolaryň köpüsi türkmen topragynda duş gelýän atgulak, andyz, buýan, göýül, ýüzärlik, semzek, sersepil, topalak, yşgyn, narpyz, çomuç, ýandak we ş.m. ösümliklerdir. Kitapda mallardan alynýan önümleriň (et, süýt, gatyk, aýran, ýumurtga we ş.m.), magdanlardan alynýan (demir gyryndysy, kükürt, zäk) derman serişdeleriniň täsirleri barada hem maglumatlar getirilýär.
 Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyňýüregi» atly kitabynda geçmişde bu toprakda lukmançylyk ylmynyňhem gülläp ösendigi buýsanç bilen nygtalýar. Beýik Ýüpek ýolunyňugrundaky gadymy Nusaý, Abiwerd, Sarahs, Merw, Köneürgenç, Dehistan, Şähryslam ýaly ençeme orta asyr şäherlerinde uly kerwensaraýlar we olaryň ýanynda hassahanalar bolup, meşhur lukmanlar näsaglara hyzmat edipdirler. Bu hassahanalar diňe bir saglygy bejeriş öýleri bolmak bilen çäklenmän, lukmançylyk mekdepleriniň, sahawat edaralarynyň işini hem ýerine ýetiripdir. Bu ýerdäki lukmanlara ýerli ilat bilen birlikde, ýolda näsaglan ýolagçylar, söwdagärler, jahankeşdeler hem ýüz tutupdyrlar. Orta asyrlarda gadymy Nusaýda, Köneürgençde Biruni we ibn Sina ýaly bütin dünýä meşhur lukmanlar we alymlar öz ylmy-amaly işlerini alyp barypdyr. Köneürgenç, Merw, Nusaý ýaly medeni ojaklarda şol mahallar lukmançylyk we beýleki ylymlary ýaýradýan ylmy ojaklar, «Paýhas öýleri» — akademiýalar bolupdyr. Bu alymlaryň ylmy işleri soňra Ýewropada, ýagny Ispaniýada, Italiýada, Germaniýada we Fransiýada lukmançylygyň ösdürilmegine düýpli täsirini ýetiripdir.
 Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň birinji jildinde Abu Aly ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly nusgawy işinde şol döwre çenli gadymy Rimde, Gresiýada, Gündogarda we Ýewropada bolan lukmançylyga we farmakologiýa degişli ähli düşünjeleriň bir kitaba birleşdirilendiginygtalýar. Ibn Sinanyňbu kitabynda dermanlaryň 800-den gowrak, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň işlerinde dermanlyk ösümlikleriň 200-den gowrak, Abu Reýhan Biruniniň «Lukmançylykda farmakognoziýa» atly işinde ösümlik, haýwanat we mineral gelip çykyşyndaky dermanlyk serişdeleriň 750-ä golaý görnüşi beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik işinde bu sanawyňhas köpdügi, ýagny, diňe güneşli Diýarymyzda 2000-den gowrak lukmançylyk ähmiýetli dermanlyk ösümlikleriň bardygy nygtalýar. Onda dermanlyk ösümlikleriň üç dildäki ady, häsiýeti, ýaşaýyş aýratynlygy, ýaýrawy, tebigy gory, dermanlyk çig maly, himiki düzümi, peýdalanylyşy, derman taýýarlanylyşy hem-de ulanylyşy barada jikme-jik maglumatlar berilýär.
 Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa instituty «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda 2019 — 2022-nji ýyllarda ýerine ýetirilmeli «Dürli derejedäki tebigy şertlerde ösümlikleriň häzirki ýagdaýyna baha bermek we hojalyk bähbitli häsiýetlerini öwrenmek» atly tema degişli ylmy barlaglary alyp barýar. Hususan-da, dermanlyk ösümlikleri öwrenmek we biotehnologiýanyň usullaryny ulanyp, dürli sebitlerde ösýän ösümlikleriň öýjüklerinde emele gelýän biologik işjeň maddalary, ýagny efir ýagyny, sterollary, flawonoidleri, alkaloidleri we glikozidleri bölüp almak hem-de alnan maddalaryň esasynda dürli derman serişdelerini taýýarlamak ýaly işler ýerine ýetirilýär.
 Alnan netijeler boýunça ösümlik öýjüklerinde emele gelýän biologik, işjeň maddalary bölüp almagyň täze tehnologiýalary işlenip düzülýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary hem bu ugurda netijeli işleri alyp barýarlar. Uniwersitetde hereket edýän gözellik biotehnologiýasy ylmy-önümçilik merkezinde ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden alnan maddalary ulanmak arkaly dürli gözellik, kosmetiki, parfýumeriýa serişdeleri öndürilýär. Başga-da birnäçe işleriň üstünde degişli ylmy barlaglar alnyp barylýar.
 Ylmy ösdürmäge, dürli ösümlikleriňdermanlyk häsiýetini öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Azat BAZAROW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň direktory.

Çeşme:Türkmenistan gazeti (2020-nji ýylyň 16-njy ýanwary)



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm