Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Sanly bilim ulgamy halkara hyzmatdaşlykda

 Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalary bilen ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem innowasion we tehnologiki esasda ösdürilýär. Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen maglumat alyş-çalşygy täze görnüşlere eýe boldy. Şol mynasybetli, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky” Konsepsiýa kabul edildi. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady elektron görnüşdäki, ýagny, sanly maglumatlary öwrenijiler köpçüligine ýetirmek, sapaklara degişli maglumat dolanşygyny kämilleşdirmek we bilim pudagynda sanly bilimi ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle-de, Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň” Konsepsiýasy hem kabul edildi. Çünki häzirki döwürde, ýagny, maglumatlar zamanasynda maglumat we aragatnaşyk ulgamy, kompýuter tehnologiýasy uly ösüşlere eýe boldy.
 Sanly bilim ulgamyny döretmek we ösdürmek üçin onuň tehniki we programma üpjünçiligi berjaý edilmeli. Munuň üçin, ilki bilen tor ulgamy döredilýär we ulgama serwer birikdirilýär. Ulgamda elektron görnüşli maglumatlar, ýagny, sapaklaryň ýazgylary, sowalnamalar, okuw kitaplary, gollanmalar, wideolar ýazgylar, prezentasiýalar we suratlar ýerleşdirilýär. Serwerde gurnalan degişli operasion ulgam we programma üpjünçilikler arkaly sanly bilim portalynyň üsti bilen maglumatlar ulanyjylar köpçüligine ýetirilýär.
 Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça halkara taslamalar hem alnyp barylýar. Olaryň biri hem “Täze tehnologiýalar arkaly Merkezi Aziýada ýokary bilimiň kämilleşdirilmegi” (Modernisation of Higher Education in Central Asia Through New Technologies - HiEdTec) atly halkara taslamadyr.
 Taslamanyň dowamlylygy üç ýyl bolup, onuň dowamynda kesgitlenilen maksatlary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek” hakyndaky Konsepsiýany durmuşa geçirmek we bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň biri bolup durýar.
 Ýokary bilimiň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalar esasynda sanly nesile uýgunlaşdyrylmagy XXI asyryň ýokary hilli bilim ulgamynda mugallymlaryň we talyplaryň mugallymçylyk, okuw we derňew tejribesini ýokarlandyrmakda aýgytly wezipäni ýerine ýetirip biler. Şol sebäpli, sanly dünýäde durnukly innowasiýalar we täze oýlap tapyşlar bilen aýakdaş gitmek üçin, bilimi we başarnygy kämilleşdirmegi dowam etdirmek möhümdir. Şol bir wagtda, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilimi dolandyrmagyň medeniýetini kämilleşdirer. Ylmy-usuly merkezleriň, kafedralaryň, fakultetleriň, okuw mekdepleriň we bilim edaralaryň beýleki düzüm birlikleriniň işiniň dowam etmegi bilim babatynda innowasion çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň jikme-jik işlenip taýýarlanylmagy we ýerlikli peýdalanylmagy, okatmagyň netijeli usullarynyň täsirini tizleşdirmäge, güýçlendirmäge hem-de giňeltmäge mümkinçilik berer. Şonuň üçin, ornaşdyrylan tehnologiýalar diňe bir bilim alýanlara däl, eýsem, bilim berýänlere hem degişlidir. Pedagog bolmagyň özi mugallymyň adaty wezipesi bilen çäklenmeýär, çünki bilimde köp zat olara baglydyr. Bilim dürli usullar bilen gazanylyp bilner, şol bir wagtyň özünde tehnologiýalar okatmagy we bilim bermegi netijeli goldap biler. Şu nukdaýnazardan, pedagogyň wezipesi bilim alýany dogry ýola ugrukdyrmakdan ybaratdyr. Okatmakda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy mugallymlara bilim alýanlary ylmy-barlag işlerine itermäge, ösüşiň täze usullaryny özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Netijede, bilim ulgamyny sanly gurşawa uýgunlaşdyrmak okatmakda, bilim bermekde we bahalandyrmakda bar bolan tejribeleri özgertmäge kömek edýär. Galyberse-de, şeýle özgertmeler talyplara okamaga has gowy şertler döreder we bilim innowasiýalaryny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.
MUGALLYMLAR BILIM ALÝANLARYŇ ZERURLYKLARYNA GÖNÜKDIRILEN INTERAKTIW OKATMAK USULYNDA ESASY ORNY ÖZLERINDE JEMLÄRLER.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm