Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Talyplaryň innowasion taslamalarynyň sergi-bäsleşigi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bu okuw ýylynyň ahyrynda hem adatdaky bolşy ýaly ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, olaryň esasy dersleri öwrenmeginiň hilini we ylmy-barlag işlere höweslerini ýokarlandyrmak, zehinli ýaşlary önümçilik işine çekmek, talyplaryň ylmy-barlag tejribehanalarda, ylmy-önümçilik merkezlerinde alan bilimlerini we endiklerini amaly taýdan ulanmaklaryna ýardam bermek, talyplaryň iň gowy ylmy we inžener taslamalaryny, ylmy-barlag işleriň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak, döwlet we halkara sergisine gatnaşdyrmak üçin has oňat işleri saýlap almak maksady bilen “Talyplaryň innowasion taslamalary sergi-bäsleşigi” geçirildi.
Bu taslama sergi bäsleşigine dürli temalara degişli ýüze golaý işleri bilen talyplar gatnaşdylar. Bu taslamalarda ylmyň soňky gazananlary ýurdumyzda ileri tutulýan biotehnologiýa, ekologiýa, himiýa tehnologiýa, maglumat, elektronika, robotatehnika, awtomatlaşdyrmak ugurlara degişli işler goýuldy.
Bäsleşige gatnaşýan işler şu aşakdakylardan ybaratdyr:
a) senagatda, halk hojalygynda, maglumat ulgamynda, ylymda we durmuşda ulanylýan tehnikanyň we tehnologiýanyň derejesini şöhlelendirýän tehniki enjamlar, programma üpjünçiligi, robotlar, modeller-nusgalar, mehanizmleriň hakyky görnüşi, abzallar we enjamlar, nazary pikirler;
b) konstruktorçylyk we tehniki işläp düzmeler-taslamalar;
ç) matematiki modelirleme we san usullary;
d) materiallaryň täze işlenen görnüşleri;
e) ösüşiň täze derejelerine geçmek ýoluny salgy berýän modelleriň, maketleriň, robotlaryň, beýleki innowasion tehnikalaryň we programma üpjünçiliginiň görnüşleri;
ä) häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny, kompýuterleri we telekommunikasiýa serişdelerini ulanyp işi amaly taýdan guramagyň dürli görnüşleri;
Bäsleşige gatnaşan talyplar Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy “2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” şeýle hem, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan”, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwrenmegi kämilleşdirmekligiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, döwrebap işleri hödürlediler.
Umuman, talyplar sergi-bäsleşigine hödürlän işleri dogrusynda sergä gatnaşyjylara gürrüň berdiler. Soraglaryna jogap berdiler. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen Talyplaryň innowasion taslamalary sergi-bäsleşigi uniwersitetde okaýan talyp ýaşlaryň zehinini, başarnygyny, alan bilimlerini we ylmy-taslamalara we önümçilige bolan garaýyşlaryny açyp görkezmek üçin uly mümkinçilikler gazandylar. Sergä gatnaşan myhmanlar talyplaryň innawasion taslama işlerini uly gyzyklanma bilen synladylar.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm