Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

SEBITLERI “AKYLLY” ÝÖRITELEŞDIRMEK ÜÇIN MAÝA GOÝUMLARY ÇEKMEKDE BITARAPLYK DEREJESINIŇ ORNY (Balkan welaýatyndaky Garaçagyl meýdançasynyň mysalynda)

Mähriban ýurdumyz gözel tebigaty, jana şypaly howasy, müň derde derman ösümlikleri bilen görenleri haýran galdyrýar. Ýurdumyzyň klimat şertleriniň aýratynlyklary ösümliklerde bu şertlere bolan uýgunlaşmalary emele getirýär. Daşky şertlere uýgunlaşmak we gazaply şertleri ýeňip geçmek üçin ösümlikler özünde biologiki işjeň maddalary emele getirmeli bolýarlar. Bu barada hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopedik kitabynda: “Türkmen topragynyň ekologiýa taýdan arassa ösümlik, haýwanat we çig mallaryň baý goruna eýedigini aýdyp geçmek isleýärin. Gurak (arid) zolagynyň howa aýratynlyklary (tomsuna temperaturanyň ýokary bolmagy, howanyň guraklygy, Gün radiasiýasynyň ýokary derejesi) çig mallarda aýratyn bejeriş häsiýetine eýe bolan biologiýa taýdan işjeň gymmatly maddalaryň toplanmagyna ýardam edýär” diýip jaýdar belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz umumy ykrar edilen halkara-hukuk derejesine layyklykda hemmetaraplayyn milli ösüş hem-de halkara işlerine işjeň gatnaşmak ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Bitaraplyk syýasatymyz netijesinde ýeten Bitaraplyk derejämiz ýurdumyza milli ykdysady ösüşiň wezipelerini üstünlikli çözmage, ykdysady-hukuk nukdaýnazardan türkmen topragynyň ýerasty baýlyklaryny yzygider özleşdirmage, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna erkin çykarmaga, öran möhüm ykdysady taslamalary işläp taýýarlamaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmäge, dünýädäki geosyýasy meseleleri çözmegiň täze hukuk gurallaryny döretmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş etmäge uly mümkinçilikli şertleri döretdi. Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň yzygiderli ösmegi dünýa bileleşigine Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde howpsuzlygy we parahatçylygy berkitmek, hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli çäreleri teklip etmäge ýurdumyza ýardam berdi.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi, mähriban topragymyzyň ummasyz tebigy baýlyklara eýe bolmagy, keremli tebigatymyzyň saglyga ýaramly howa şertleri, gurulýan şypahanalar we dynç alyş merkezlerinde döredilýän aňrybaş amatlyklar eýýäm ýakyn geljekde Türkmenistanyň halkara syýahatçylygyň we sagaldyş-dynç alyş industriýasynyň hakyky merjenine öwrüljekdigine şaýatlyk edýär” diýen sözleri Köpetdagyň, Köýtendagyň jülgelerinde, Hazaryň kenarýaka ýerlerinde, adaty düzlük ýerlerinde ýodly-bromly, kükürtli suwlaryna, palçygy endam saglygy üçin ýaramly çeşmeleriň köpdügini we halkara derejede bäsleşlikli üstünliklerine eýedigini aýdyň görkezýär.

Ine, şeýle tebigy ajaýyplyklaryň biri hem Balkan welaýatynyň çäklerindäki Balkan dagynyň eteginde ýerleşýän Garaçagyl meýdançasynyň ýerasty mineral kükürtli suwydyr. Balkanabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän bu Garaçagyl meýdançasynyň kesel bejeriş duzly we kükürtli suwunyň bardygy baryp 1964–1965-nji ýyllarda anyklanylypdyr. Meýdançadaky ýerasty mineral kükürtli suwy halk arasynda kän bir meşhurlyga eýe bolmasa-da, bu tebigy melhemden peýdalanyp şypa tapýan näsaglaryň sany barha artýar.

Şu nukdaýnazardan ugur alyp Garaçagyl meýdançasyny “Akylly” ýöriteleşdirmek üçin şu meseleleriň aýdyň çözgüdi tapylmalydyr:

1. Meýdançanyň şert-mümkinçilikleri we bäsleşlikli artykmaçlyklary öwrenilmeli;

2. Meýdançanyň baýlyklary goralmaly, netijeli we ýerlikli peýdalanylmaly;

3. Meýdança maýa goýum çekilmeli we ykdysady işjeňlik gazandyrylmaly;

“Akylly” ýöriteleşdirmek konsepsiýasy hem bu meseläni çözmekde ýol kartasy bolup biler. Konsepsiýa 2009-njy ýylda Ýewropa döwletleriniň sebitlerini ykdysady taýdan ösdürmek üçin işlenilip düzüldi. Konsepsiýanyň esasy maksady sebitleriň bäsleşlikli şertlerde artykmaçlyklaryny we mümkinçiliklerini ulanyp, olaryň ykdysady nişşalaryny ýüze çykarmak bolup durýar. Bu konsepsiýa Ýewropada ýüze çykan hem bolsa dünýäniň beýleki ösen we ösüp barýan döwletlerinde hem oňyn netijeleri gazandyrdy.

Ýokardakylara esaslanyp, Garaçagyl meýdançasyny seljermek we netijelere esaslanyp “Akylly” ýöriteleşdirmek esasynda ýörelgeleri (strategiýalary) işläp düzmek zerur bolup durýar. “Akylly” ýöriteleşdirmek meselelerine çözgüt tapmak üçin bolsa Forsaýt barlaglar toplumyndan “SWOT” seljerme usuly saýlanyp alyndy. Bu usul Garaçagyl meýdançasynyň ykdysady taýdan onuň işjeňlenmegine itergi berjek artykmaç taraplaryny, mümkinçiliklerini, gowşak taraplaryny we howplaryny öwrenmäge doly mümkinçilik berer.

SWOT seljerme usuly

“SWOT1” seljerme usulynda içki we daşky faktorlaryň täsirini aýratynlykda öwrenmek möhüm bolup durýar. Güýçli taraplary we gowşak taraplary içki faktorlary, mümkinçilikler we howplar daşky faktorlar hasaplanylýar. SWOT seljermesi sebitiň mümkinçiliklerini, artykmaçlyklaryny we kemçiliklerini seljermek bilen sebiti strategiki meýilnamalaşdyrmak üçin teklipleri ýüze çykarmaga kömek edýär. Şoňa görä-de meýdançanyň seljermesini güýçli taraplary, gowşak taraplary, mümkinçilikleri, howplary bilen kesgitlenýän strategiki “SWOT” – Straights, Weakness, Opportunities, Threats ýaly dört sany iňlis sözden emele gelen seljerme usulyň ady bolup durýar. Türkmen dilinde hem Üstünlikli taraplary, Gowşak taraplary, Mümkinçilikler, Howplar ýaly sözler bilen terjime edip alyp bolar. alternatiwalar saýlanýar. SWOT seljerme usulynyň maksady meýdançanyň güýçli taraplaryny we mümkinçiliklerini iň ýokary derejesini, howplaryny we gowşak taraplaryny iň az derejede täsirini almak bolup durýar.

Seljermäniň netijeleri

“SWOT” seljermede Garaçagyl meýdançasynyň içki we daşky faktorlary derňeldi. Derňew işleri üçin maglumatlar meýdançada işleýän hünärmenler we bilermenler bilen söhbetdeşlik esasynda ýygnalyndy.

 

SWOT seljermäniň netijeleri

 

S – Güýçli taraplary

– Hemişelik Bitaraplyk derejämiziň maýa goýumlar üçin ygtybarly şertleri döretmegi;

– Pudagyň döwlet tarapyndan goldanylmagy;

– Ýylyň ähli paslynda kesellerden ejir çekýän adamlary bejermäge ukyply;

– Aeroport, wokzal we awto menziliniň ýakyn ýerde bolmagy;

– Ýerli ilatyň ekologik taýdan arassa önümleri öndürmegi.

 

W – Gowşak taraplary

– Netijeli mahabatlaryň ýetmezçiligi;

– Durmuş we önümçilik infrastrukturasynyň pesligi;

– Hünarmenleriň we lukmanlaryň iş mümkinçilikleriniň pesligi.

 

O – Mümkinçilikler

– Tebigy hadysa esasynda ýerden kükürtli gyzgyn suwyň çykmagy;

– Şypahana hyzmatlaryny we beýleki önümleri diwersifikasiýalaşdyrmak;

– Geografiki ýagdaýy, dynç alyş we syýahatçylyk industriýasyny ösdürmek üçin amatly tebigy howa şertleriniň bolmagy;

 

T-Howplar

– Garaçagyl meýdançasynda tebigy resurslaryň azalmagy;

– Tebigy hadysalar;

– Ykdysady ýagdaýyň durnuksyzlygy;

– Bäsdeşlik ukybynyň ýetmezçiligi.

 

Ilkinji maglumatlar ýygnalandan soňra “SWOT” seljermesi geçirildi. Seljerme netijelerinden SO, WO, ST, WT strategiýalaryny düzmek mümkin bolup durýar. Strategiýalary düzmek üçin: SO (güýçli tarapy – mümkinçilik) “Güýçli taraplary ulanmak arkaly nädip mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaly?”; ST (güýçli tarapy – howplar) “Güýçli taraplary ulanmak arkaly nädip howplar azaldylmaly?”; WO (gowşak tarapy – mümkinçilik) “Mümkinçilikleri ulanmaga päsgel berýän gowşak taraplaryň nädip hötdesinden gelmeli?”; WT (gowşak tarapy – howplar) “Howplary hakyky ýagdaýa getirýän gowşak taraplary nädip düzetmeli?” ýaly soraglara jogap berildi we faktorlaryň baha matrisasy düzüldi.

Faktorlaryň baha matrisasyna seredenimizde, güýçli taraplary ulanmak arkaly nädip mümkinçilikleri netijeli peýdalanmalydygyň we howplary azaltmalydygyň, şeýle hem mümkinçilikleri ulanmaga päsgel berýän gowşak taraplaryň hötdesinden gelmegiň we howplary hakyky ýagdaýa getirýän gowşak taraplary düzetmegiň ýollaryny görmek bolýar. Netijede, faktorlaryň baha matrisasyndaky meseleler göz öňünde tutulyp, Garaçagyl meýdançasynyň sagaldyş we dynç alyş maksatly “akylly” ýöriteleşdirilmeginiň, ýerli ilatyň we sebitiň inklýuziw ykdysady ösüşe eltmek mümkinçilikleriniň bardygy anyklanyldy.

 

Içki we daşky faktorlaryň baha matrisasy

 

S – Güýçli taraplary

– Hemişelik Bitaraplyk derejämiziň we Tebigy hadysa esasynda ýerden kükürtli gyzgyn suwyň çykmagy netijesinde daşarky we içerki maýa goýumlar arkaly Garaçagyl meýdançasynda şypahana (dynç alyş zolagy) gurmak;

– Geografiki ýagdaýy, dynç alyş we syýahatçylyk industriýasyny ösdürmek, şypahana merkezini döretmek üçin döwlet goldawyny ulanyp infrastruktura döretmek;

– Hyzmatyň arzan bolmagyndan we tebigatyň dynç almaga oňaýlydygyny göz öňünde tutup ýylyň ähli wagtynda müşderileri köpeltmek üçin ykdysady işleri gurnamak;

– Ýerli ilatyň öndürýän ekologik taýdan arassa önümleri diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly goşmaça girdeji almak.

 

W – Gowşak taraplary

– Netijeli mahabatlary ýola goýmak bilen şypahana hyzmatlaryny we ýerli halkyň ykdysady işlere işjeň gatnaşmagy arkaly diwersifikasiýalaşdyrmak;

– Elektrik togy üçin ýel we gün şöhlesinden energiýa üpjünçiligini ýola goýmak;

– Tebigy we durmuş şertleri paýlanmak (döretmek) arkaly hünärmenleriň we lukmanlaryň işlemäge isleglerini artdyrmak.

 

O – Mümkinçilikler

– Tebigy resurslar ulanylyp peýda gazanylýan döwründe hyzmat ulgamyny diwersifikasiýalaşdyryp her hili üýtgeşmelere taýýar bolmak;

– Tebigy resurslary netijeli ýagdaýda ulanylmaly we iň ýakyn çalşyrgyçlaryny oýlap tapmak üçin uniwersitetler bilen hyzmatdaşlyk etmek;

– Hyzmatyň bahasynyň arzan bolmagyny peýdalanyp bäsdeşlige ukyplylygy gazanmak we üýtgeýän bazar ýagdaýyna taýýarlyk görmek.

 

T-Howplar

– Garaçagyl meýdançasynda tebigy resurslaryň azalmazlygy üçin ökde hünärmeleri we lukmanlary işe çagyrmak;

– Ykdysady ýagdaýyny durnuklaşdyrmak üçin durmuş we önümçilik infrastrukturasyny döretmek;

– Bäsdeşlik ukybyny artdyrmak üçin mahabat işlerini ýola goýmak.

   

  Röwşen Işangulyýew,

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Innowasiýalaryň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy.

“Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy” žurnaly 2021ý. 2-nji sanynda çapa çykdy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm