Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

BITARAPLYK – DÖWLETLILIK ÝÖRELGESINIŇ BAÝDAGY

Milli terbiýe we milli häsiýet düşünjesi pederlerimiziň bize miras galdyran durmuşmekdebinde ör-boýuna galýar. Ata-babalarymyzyň döreden bu mekdebi, ilkinji nobatda, aň kämilligiň, pähim-parasatyň çeşmesi bolup durýar. Türkmen halky öz jemgyýetçilik durmuşynda parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik kadalaryna ygrarly bolup ony durmuşa berk ornaşdyrypdyr. Türkmeniň şeýle kadalary beýleki halklar we milletler bilen özara gatnaşyklarda hem oňyn netijelerini görkezipdir. Şoňa görä-de, Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi halkymyzyň gadymyýetden gelýän parahatçylyk ýörelgelerine esaslanýar.

Hakykatdan hem taryha ser salanymyzda dawalary parahatçylykly ýol bilen çözmek, döwlet dolandyrmakda halkyň isleglerini kanagatlandyryp, halkyň asudalygyny berjaý etmek ýaly bitaraplyk syýasatynyň esasy alamatlary türkmen halkynyň milli ýörelgelerine öwrülipdir.

Taryhda sebitimizde siwilizasiýanyň ösmegine uly goşant goşan gadymy, orta asyrlar döwründe dünýäniň syýasy-jemgyýetçiliginde esasy orun eýelän Parfiýa döwleti, Beýik Seljuklar imperiýasy we beýleki döwletlerde ýa-da beýik şahsyýetlerimiz tarapyndan hem bitaraplyk ýörelgelerine meýilleriniň güýçli bolandygyny görmek bolýar.

Mysal üçin, Beýik Seljuklar döwletiniň Soltany Muhammet Togrul begi Gaznaly döwletiniň paýtagty Nişapuryň halky Soltanyň adalatlylygyny goldap, onuň adyna soltanlyk hutba okapdyrlar. Çünki Seljuklylaryň daşary syýasatynyň esasy aýratynlyklarynyň biri ýurduň ilatynyň milli-etnik aýratynlyklaryna, dini ynançlaryna we däp-dessurlaryna hormat goýmak bolup durýardy. Bu bolsa döwlet bilen halkyň arasyndaky oňyn gatnaşygy döredýärdi, [5, 111 s.]. XI we XII asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy kerwen ýollary Beýik Seljuklar imperiýasynyň we Köneürgenç türkmen döwletiniň garamagynda bolupdyr. Haryt söwda dolanyşygynyň we kerwen gatnawlarynyň üznüksiz, päsgelsiz we yzygiderli bolmagyny soltanlar hut öz gözegçiliginde saklapdyr. Döwlet tarapyndan kerwenleriň howpsuzlygy kepillendirilipdir. Çünki goňşy halklar bilen ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň birnäçe ugurlaryny özünde jemleýän söwda kerwen ýollarynyň howpsuzlygy, parahatçylygy hökmanydy. Diňe bir seljuklar döwründe däl, eýsem bu söwda ýolunyň gadymy taryhyna hem göz aýlasak, Beýik Ýüpek ýolunyň başlanýan ýeri bolan Hytaý bilen söwda gatnaşyklary b.e. II asyrynda ýola goýlupdyr. 107-nji ýylda Hytaý ilçisi Parfiýa gelen wagty ony belent mertebeli myhman hökmünde garşylap, oňa Parfiýanyň çäklerinde patyşalyk tarapyndan asudalygyň ýokary derejede berjaý edilýändigini görkezipdirler.

Hormatly Prezidentimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda hem, ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powestine esaslanyp pelsepewi pikirler öňe sürülýär. Onda halkymyzyň parahat ýaşaýşa bolan garaýyşlary wakalar arkaly teswirlenýär. Oba halky bagşyny goldap söweşe gitmäge taýýar bolsa-da, Şükür bagşy ýüze çykan meseläni parahatçylyk ýoly bilen çözýär [3].

Parahatçylygyň bolan ýerinde ylym-bilim we medeniýet hem pajarlap ösýär. Munuň şeýledigi orta asyrlarda türkmen topragynyň dürli künjeklerinde “Paýhas öýleri” diýip atlandyrylan ylym ojaklarynyň mysalynda aýdyň görünýär. IX–XII asyrlarda Abu Aly ibn Sina, Al-Horezmi, Abu Reýhan Biruny, Ferdöwsi, Omar Haýýam, Zamahşary we başga-da birnäçe dünýä ylmyna taýsyz goşant goşan alymlar hut türkmen topraklarynda ýetişipdirler. Has soňraky döwürlerde ýaşan meşhur nusgawy şahyrlar Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Zeliliniň, Mätäjiniň döredijilikleriniň we asyrlardan gelýän türkmen halk döredijilikleriniň içinden parahatçylyk ýörelgeleri eriş-argaç bolup geçýär [5, 131-132 s.].

Hoşniýetli we dostlukly gatnaşyklary saklamak, öýke-kinä ýol bermezlik, islendik çylşyrymly ýagdaýda dipilomatik ýollary agtarmak ýaly ýörelgeler barada hem “Paýhas çeşmesinde” “Güler ýüz hem hormat, hem sowgat”, “Bir ýagşylyk müň belany gaýtarar”,

“Hormat etseň, hormat görersiň”, “Goňşy öýe kesek atma ”, “Ýagşy iliniň ýamanyny ýaşyrar, ýagşysyny aşyrar”, “Ýagşa ýagşy diý – berekedi artsyn, ýamana ýagşy diý – pälinden gaýtsyn”, “Agzybirlik at getir, agzalalyk at ýitir” ýaly nakyllar getirilip, olar her bir durmuş hadysasy üçin ýerlikli maslahat bolup durýar [4].

Gahryman Arkadagymyz “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda “Döwletara gatnaşyklary parahatçylykly ýol bilen berkitmek halkymyzyň Oguz han zamanyndan bäri ygrarly ýörelgesidir” diýip belläp geçýär [2, 280 s.]. Durmuş hadysalarynyň, watançylyk, ygrarlylyk, edep-terbiýe ýaly ahlak gymmatlyklaryň esasynda döredilen atalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesiniň Hormatly Prezidentimiz tarapyndan täze ideýalar, täze garaýyşlar bilen baýlaşyp, milli ýörelgämize eýermekligiň mekdebi öňe çykarylýar. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ykrar edilýänligi bolsa muňa aýdyň subutnamadyr.

Ata-babalarymyzyň geçmişde ýörelge edinen ynsanperwer häsiýetleri bu günki gün türkmen halkynyň durmuşynda mynasyp orun tutýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna döwletara gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm guraly, özara düşünişmegiň we hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli usuly hökmünde ýokary baha berilýändigini belleýär. Türkmenistanda “Açyk gapylar” syýasatynyň alnyp barylmagy bolsa, dünýäniň ýurtlary bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňden ýola goýmaga uly mümkinçilikleri döredýär.

Türkmeniň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi bu gün “Bitaraplyk” ady bilen milli üstünlige eýe boldy. Ýagny, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy esasynda türkmen Bitaraplygynyň halkara hukuk binýady kemala getirildi. Ol görnüşi boýunça “hemişelik”, mazmun taýdan oňyn bolmak bilen, türkmen halkynyň öňden gelýän milli däpleriniň düýp mazmuny we häzirki zaman aňlatmasydyr [6, 205 s.]. Türkmenistanyň bitaraplygy diňe bir milli bähbitlerimize hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkarar etmäge hem gönükdirilendir. Türkmenistanyň dünýäde ykrar edilen hemişelik Bitaraplygy daşary syýasatyň täsirli serişdesine öwrülmek bilen, halkara hukugynyň, onuň ýörelgeleriniň we kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi babatda borçnamalaryň doly ýerine ýetirilmegini gazanýar.

Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkara meselelerini düzgünleşdirmekde, sebitleýin we dünýä syýasatynyň oňyn hereketlerine ýardam bermekde netijeliligini görkezýär. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, ähli ýurtlar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde hereket etmek we hyzmatdaşlyk syýasaty ýurdumyzyň içinde ykdysadyýetiň ýokary depginler bilen ösdürilmegine, jemgyýetiň asudalygynyň we jebisliginiň gazanylmagyna, ýurdumyzyň halkara abraýyna eýe bolmagyna getirdi. Hut şonuň üçin hem Aşgabadyň halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrülmegi tötänden däldir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylda geçirilen 71-nji mejlisinde 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi biziň milli baýramymyzyň dabarasyny has belende göterdi [6, 76 s.]. Bu taryhy waka BMG-nyň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bolan Aşgabat şäherine parahatçylygyň paýtagty diýmeklige esas döretdi.

2019-njy ýylda bolup geçen BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda bolsa, 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnamalaryny hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylandygyny ýatlamak bolar. Şol maslahatda türkmen Bitaraplygy ýurdumyzyň halkara guramalarynyň hereketine işjeň gatnaşmagyny üpjün etdi we dünýäde, şol sanda sebitde asudalygy, parahatçylykly ösüşi ýola goýmak işine saldamly goşant goşmagyna oňaýly şertleri döretdi. Türkmenistan özüniň alyp barýan hoşniýetli parahatçylyk söýüjilikli hemişelik Bitaraplyk syýasatyny dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi goldaýan BMG-niň asyl maksatlaryna gönükdirdi. Umuman, milli Liderimiziň teklipleri esasynda halkara ähmiýetli meseleler boýunça Baş Assambleýa tarapyndan 13 Rezolýusiýa kabul edildi. Bu bolsa ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky amal edilýän beýik işlerde ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Şeýle taryhy, syýasy wakalar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli yglan edilen “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda has-da dabaralanýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň ýene-de iki düzüminiň

– Ykdysady we Durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021–2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021–2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň daşary we içeri syýasatynyň netijelidiginiň, dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň, ýurdumyza ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz biziň beýik gymmatlygymyzdyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi, üstünlikli alyp barýan parahatçylyk dörediji syýasaty BMG-nyň çäklerinde döwletleriň arasyndaky oňyn gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm şerti bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä münberinde öňe süren “Ösüş arkaly parahatçylyk” şygarynyň durmuş tejribesinde netijeliliginiň makullanmagy bilen, biziň döwletlilik ýörelgelerimiz geljek üçin täze üstünlikleri atarar. Dünýä ýüzi bitaraplygyň türkmen nusgasynyň şol täze üstünliklerine şaýat bolar.

  

  Daýanç Nazarow,

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Jemgyýeti öwreniş ylymlary

kafedrasynyň mugallymy.

“Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy” žurnaly 2021ý. 2-nji sanynda çapa çykdy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm