Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Halkara ylmy hyzmatdaşlyk – özara bähbitli ösüş

Hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde döwrebap tehnologiýalar arkaly uzak aralykdan ylmy-amaly maslahatlaryň we okuwlaryň geçirilmegi hem dünýäniň iň ösen ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Uniwersitetde Ýaponiýanyň we Germaniýanyň professor, mugallymlarynyň we doktorantlarynyň nanoelektronika we zatlaryň interneti, spintronika, himiki tehnologiýa ugurlary boýunça uniwersitetiň mugallymlary we talyp ýaşlary bilen bilelikde ýerine ýetirilýän ylmy işleri barada “Halkara ylmy hyzmatdaşlyk – özara bähbitli ösüş” atly ylmy-amaly maslahaty sanly ulgamda teleköpri arkaly geçirildi. Uniwersitetde döredilen sanly we akylly tehnologiýalaryň esasynda bu maslahatda edilen çykyşlara diňe ýörite gurnalan mejlisler otagynda däl, eýsem talyplar we mugallymlar tarapyndan özleriniň kompýuterleri we el telefonlary arkaly uniwersitetiň çäginde ýerleşýän amaly okuw otaglarynda, barlaghanalarda, kitaphanada, talyplaryň ýaşaýan we dynç alýan ýerlerinde tomaşa edildi. Talyplar çykyşlary uly gyzyklanma bilen diňlediler we sorag-jogap alyşdylar. Ýurdumyzda ilkinji gezek Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde internet we sanly tehnologiýalar arkaly geçirilen bu köpçülikleýin ylmy-amaly maslahat mugallymlarda we tälyplarda ýatdan çykmajak täsirini galdyrdy .



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm