Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

«SANLY INNOWASIÝALAR BÄSLEŞIGI»

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmäge goşandyny goşýan, sanly ykdysadyýeti dolandyrmaga, döwrebap tehnologiýalar bilen işlemäge ukyply ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça 17-18-nji noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Bilim ministrliginiň guramagynda «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetinde ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça «Sanly innowasiýalar» bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary hem işjeň gatnaşanyp baýrakly orunlara hem-de hormat hatlaryna mynasyp boldular.

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2-nji talyby Gummyýew Ilmyrat hem-de Jumagulyýew Daýanç 1-nji orna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2-nji talyby Rahmanow Şatlyk hormat hatyna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2-nji talyby Haldurdyýew Guwanç hormat hatyna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2-nji talyby Gulçaýew Oraz hormat hatyna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2-nji talyby Durdymedow Serdar hormat hatyna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 2-nji talyby Öwezow Öwezmyrat hormat hatyna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 3-nji talyby Iskenderow Jumabaý hormat hatyna.

 

Merdan AMANÝAZOW,

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Kompýuter ylymlary we maglumat

tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm