Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen “Innowasiýalaryň sergi-bäsleşigi”

Hormatly Prezidentimiziň geljege esaslanýan ylym-bilim syýasatyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hem birnäçe işler alnyp barylýar. Uniwersitetde hereket edýän ylmy-önümçilik merkezlerde mugallymlar we talyp ýaşlar ylmy-taslama işler bilen meşgullanýarlar.

Alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň ugurlary Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlary, çözgütleri, tabşyryklary, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we edara-kärhanalarynyň sargytlary esasynda kesgitlenilýär.

Häzirki wagtda uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary bilelikde aşakdaky ugurlar boýunça ylmy-önümçilik işleri ýerine ýetirilýärler:

Sanly bilim we sanly ykdysadyýet ulgamlaryny elektron we hasaplaýjy, dolandyryjy we sazlaýjy enjamlar, robotlar hem-de programmalar bilen üpjün etmek; sanly uniwersiteti döretmek we web-sahypalary we web-saýtlary döretmek, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny kämilleşdirmek, mobil we tor programma üpjünçilikleri işläp taýýarlamak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek; elektron söwda ulgamyny kämilleşdirmek ugurlary boýunça “Kompýuter lingiwistikasy”, “Sanly tehnologiýalar we maglumatlary goramak ” ylmy-önümçilik merkezlerinde işler alnyp barylýar. Innowasiýalaryň sergi-bäsleşigine aşakdaky ylmy-taslama işleri görkezildi:

1. “Virtual syýahat” (Gezelenç) web programma üpjünçiligi. Bu web saýt arkaly ýurdumyzyň islendik raýaty ýurdumyzdaky elýeter bolan ähli emeli syýahat ediş zolaklaryny uzak aralykdan öz mobil we kompýuter enjamlary bilen Virtual syýahat edip ýa-da syn edip bilerler. Bu saýtyň esasy bir aýratynlygy bolsa onuň elýeter bolmagydyr. “Virtual syýahat” (Gezelenç) web programma üpjünçiligi raýatlaryň amatly ýaşaýyş şertleri üçin hem-de dünýä ýüzünde hereket edýän pandemiýa sebäpli uzak aralykdan syýahat etmekde örän uly mümkinçiliklere eýe. Ol diňe bir syýahat edilýän zolagyň suratyny dälde eýsem syýahat zolagyna 360˚ syn edip bilýärler we syýahat edilýän zolagyň içinde hereket edip bilýärler hem-de zyýahat zolagynyň ähli giňişleýin maglumatlaryna eýe bolup bilýärler.  Bu bolsa syýahat edýän her bir raýata yurdumyzdaky täsinlikleri, owadan binalary, ymaratlary olara barmazdan görmäge we olar barada köp maglumatlary bilmäge mümkinçilik berýär.

2. Ylmy makalalatyň we olaryň salgylanmalarynyň hasabayny ýöredýän sanly ulgam. Bu programma üpjünçiligi hereket edýän ähli ylmy-tehniki mazmunly žurnallaryň redaksiýalaryny, orta we ýörite orta hünärment mekdepleri, ýokary okuw mekdepleri, ylmy işgärleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ähli ylmy-barlag institutlaryny birikdirip, olarda alnyp barylýan ylmy-barlag işleriň, çap edilýän ylmy makalalaryň, ylmy makalalara bolan salgylanmalaryň we ulanylan edebiýatlaryň hasabyny ýöredýän bitewi bir maglumat binýadyny döretmäge ýardam berer. Bu ulgam öz içinde žurnallar, institutlar hem-de awtorlar barada maglumatlary, esasan hem, olar tarapyndan çap edilýän ylmy makalalar baradaky maglumatlaryň hasabyny ýöredýär. Ulgam her makaladaky salgylanmalaryň we ulanylan edebiýatlaryň sanawyny hem-de her makalynyň beýleki makalalarda ulanylan salgylanmalarynyň hasabyny awtomatiki görnüşde ýöretmegi göz öňünde tutýar. Bu ulgamyň üsti bilen makalalar baradaky statistiki maglumaty çalt we dogry almak mümkin.

3. “Kompýuter lingiwistikasy” merkezi tarapyndan taýýarlanan “Öýkeniň pnewmoniýasyny döş rentgen şekillerinden anyklaýan kömekçi programmasy” atly programma üpjünçiligi ýurdumyzda bar bolan hassahanalarda, bejeriş we sagaldyş merkezlerinde, keseli anyklaýyş merkezlerinde şeýle hem beýleki lukmançylyk edaralarynda ulanmak üçin niýetlenen. Taýýarlanan programma üpjünçiligi Python programmirleme dilinde taýýarlanyldy. Programma üpjünçiligi emeli aňyň bir bölegi bolan “Deep learning” ulgamynda işleýär. Bu programma üpjünçiliginiň maksady lukmanlara döş rentgen şekillerinden öýkeniň pnewmoniýa keselini  anyklamagy ýeňilleşdirmek üçin niýetelenen.

4. Sanly hasaphana. Sanly hasaphana kompýuter programmasy ýurdymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem-de  dürli edaralarda aýlyk tölegini hasaplaşygyny, edaranyň maddy gymmatlyklaryny enjamlaryň hasaba almagyny we talyplaryň tölegini elektron görnüşde hasabatlaryny ýöretmekde hem-de edaralaryň hasaphana işini ýeňilleşdirmek üçin niýetlenen programma. Sanly hasaphana programmasyny esasan admin (Baş buhgalter) tarapyndan dolandyrylýar. Bu programma üpjünçiligi işgärleriň aýlyklaryny, talyp haklarynyny  işlemeklige ýardam edýär. Aýlyk haky hasaplamak bölümi üçin ýurdumyzda hereket edýän kanundyr, düzgünlere salgylanyp düzülen.

Programmanyň maddy gymmatlyklary böleginde edaradaky her bir otagda ýerleşen her bir enjam, mebelleri hasaba alýar. Ondan başgada ambardaky maddy gymmatlyklaryň sanynyň hasabatyny ýöredýär.

Sanly we akylly tehnologiýalary, şol sanda akylly öýleriň, edara-kärhanalaryň, şäherleriň taslamasyny işläp taýýarlamak ugry boýunça uniwersitetde hereket edýän “Nanoelektronika we zatlaryň interneti”, “Akylly tehnologiýalar”, “Bionika we robot tehnikasy” ylmy-önümçilik merkezleri aşakdaky ylmy-taslama işleri sergide ýer aldy:

1. Awtomatlaşdyrylan, simsiz dolandyrylýan  zibil gutusy. Awtomatlaşdyrylan, simsiz dolandyrylýan zibil gutusy “Akylly öýlerde” we “Akylly şäherlerde” ulanmaklyga niýetlenilip taýýarlanyldy. Bu “Akylly zibil gutuny” akylly telefonlaryň üsti bilen şeýle hem Merkezleşdirilen dolandyryş ulgamynyň kömegi bilen simsiz dolandyrylýar. Zibil gutuny dolandyrmak örän aňsat bolup, guty dolanyndan soň berlen marşrut boýunça Merkezi dolandyryş bölümine gaýdyp barýar. 

2. Ýyladyşhanalaryň we ösümlik barlaghana-ýyladyşhanalaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy. Awtomatlaşdyrylan ulgamy adaty ýyladyşhanalary we ösümlik barlaghana maksatly ýyladyşhanalary dolandyrmakda ulanyp bolýar. Ulgamyň kömegi bilen günüň islendik wagt pursatynda ýyladyşhanadaky temperatura, howanyň çyglylygyna, suwaryş ulgamyna we beýleki hadysalara gözegçiligi amala aşyryp bolýar. Ýyladyşhanadaky ýagtylandyrylyşy, suwaryş ulgamyny, temperatura sazlamany ulgamyň özi awtomatik ýagdaýda dolandyrýar.

3. Awtomatlaşdyrylan merkezden dolandyrylýan akylly awtoduralgalar. Taslamanyň çäklerinde “akylly”, energiýa tygşytlaýjy, şeýle hem hemmeler üçin düşnükli we amatly  awtoduralganyň tehnologiýasy işlenip taýýarlanyldy we ol amala aşyryldy. Awtodurlagadaky boş we eýelenen aýratyn duralgalar baradaky ähli zerur maglumatlar dolandyryjy operatoryň monitoryndaky programma serişdesinde görünýär. Bu “Akylly awtoduralga” tehnologiýasyny ulanmak, öň bar bolan awtoduralgalary optimal, netijeli ulanmaklyga getirer we täze “artykmaç” awtoduralgalary gurmakdan, çykdajylardan gorar.

4. “Akylly” ýol yşygy üçin programma üpjünçiligi. Bu programma üpjünçiligi intellektual ulgamlaryň tehnologiýasyna degişli bolup, köp ilatly şäherlerde ulag dykynlarynyň öňüni almak, ýol hereketini gowulandyrmak we pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin niýetlenendir.

Ýol yşygynda ýörite ornaşdyrylan kameralardan alynýan maglumatlary gaýtadan işlemek arkaly çatrygyň haýsy bölegine ýaşyl yşygyň ýanmaly wagty awtomatiki usulda kesgitlenilýär. Eger ýollaryň çatrygyň beýleki böleklerinde ulaglaryň sany artsa, onda kameralardan alnan maglumatlar esasynda degişli bölekde ýaşyl yşygyň ýanyş wagty üýtgeýär we ýolda ulaglaryň dykynyň döremeginiň öňini alýar.

5. Zyýansyzlandyryjy köp ugurly robot. Bu oýlap tapyş akylly tehnologiýalara degişli bolup, tejribehanalarda, hassahanalarda galyberse-de ýaşaýyş jaýlarynda üstleri we howany wiruslardan, bakteriýalardan zyýansyzlandyrmak (dezinfeksiýa hem-de sterilizasiýa) ýoly bilen arassalamak üçin roboty internetiň ýa-da ýerli toruň üsti bilen aralykdan dolandyrmaga niýetlenendir.

Robotyň ýene bir artykmaçlygynyň biri, diňe bir zyýansyzlandyryjy bolmak bilen çäklenmän eýsem, robotyň üstki bölegi aýrylandan soň, hyzmatçy robot görnüşinde ulanylmak mümkinçiligidir. Mundan başga-da robotyň akkumulýatordan ýerlikli ulanmagy, onuň köp wagtlap awtonom ýagdaýda işlemegini gazanýar. Akkumulýatoryň kuwwaty peselen mahalynda robot ses duýduryşyny berýär. Akkumulýatora zarýad bermek üçin, ýörite bu robota niýetlenen zarýad beriji ulgam ýasaldy.

6. “Akylly öý” ulgamy. «Akylly öýüň» içindäki ähli elektrik enjamlary el telefonlary we ses buýruklary arkaly aralykdan, şeýle hem elde dolandyrylýar. «Akylly öý» ulgamynyň her bir elektrik enjamyny dolandyrmak üçin ýörite elektrik shemalary we programma üpjinçiligi işlenilip taýýarlanyldy. Elektrik enjamlary el telefonyň kömegi bilen dolandyrmak üçin «Akylly öý» ulgamyna ýörite niýetlenip, işlenip taýýarlanan programma üpjinçiligini el telefonyna ýüklemeli we ol programma üpjinçiliginde hasap açmaly. Bu programma üpjinçiliginde dolandyryp bolýan ähli enjamlaryň häsiýetnamalary, olary dolandyrmagyň düzgünleri barada giňişleýin maglumatlar bar, ýagny ulanyjy üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan. Şeýlelikde, bu programma üpjinçiligi işleriň yzygiderli amala aşyrylmagyna ýardam edýär.

Howpsuzlyk ulgamynyň möhüm wezipeleri bolan suw basmagyndan hem-de suwuň we gazyň syzylyp çykmagyndan, ýangyndan goramak, elektrik simleriniň näsazlygy barada duýdurmak, bularyň ählisi adam ýaşaýşynyň howpsuzlygynyň hökmany şertleridir. Ulgamyň özi bu ýagdaýlaryň ýüze çykmagyny awtomatiki aradan aýryp, öýüň eýesine şertler barada habar berýär. Ulgam islendik  näsazlyk ýüze çykanda ykjam telefona SMS habaryny, ses ýa-da jaň ugradýar.

Himiki senagaty ösdürmek, ýerli çig mallardan durmuş maksatly önümleri öndürmegiň tehnologiýasyny işläp taýýarlamak, ýurdumyzda nanotehnologiýalary ösdürmek boýunça ylmy-taslama işler “Ýaşyl himiýa” ylmy önümçilik merkeziniň ylmyň ýaşyl inženerlik, ýaşyl himiýa, galyndysyz we ekologik tehnologiýalar, suwy arassalamagyň tehnologiýalary ýaly ugurlar boýunça professor mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlar bilen bilelikde birnäçe işler alnyp barylýar. Şol ylmy-taslama işleriň aşakdakylary “Innowasiýalaryň sergi-bäsleşigine” çykaryldy:

1. Bio ýangyç – Buýan köküniň galyndylaryny, kagyz galyndylaryny we gowaça çöpüni birnäçe gezek gaýtadan işlemek bilen alnan bio ýangyç bolup, bu bio ýangyjyň esasynda awtoulaglar üçin ýangyç, lukmançylykda dezinweksiýa serişdesi we azyk senagatynda çakyr önümçiligi üçin ulanylýan etanoly taýýarlap bolýar.

2. Bioplastik material – Häzirki wagtda sintetiki plastik materiallary peýdalanmak ekologiki taýdan amatsyz hasaplanýar. Şonuň üçin sintetiki plastik materiallarynyň ornuny öz-özünden dargaýan bioplastik materiallar bilen çalyşmak, ekologiki çözgüt hasaplanýar. Şol maksatlar bilen bioplastik materiallary mekgejöwenden alynan krahmalyň esasynda alynýar. Bu alnan bioplastik materialyndan dürli bir gezek ulanylýan torbalar taýýarlanyp biliner. Bu bioplastik materialyndan taýýarlanylan torbalar haçanda ulanylyp tebigata düşende onuň ömri bary ýogy 5 gün, suwa düşen ýagdaýynda 3 güne çekýär. Onuň tebigatda çüýremegi bilen toprakda organiki dökünleriň emele gelmegine getirýär. Bu bolsa, önümiň ekologiki taýdan arassa önümdigine şaýatlyk edýär.

3. Oda çydamly kerpiç – Ýerli çig mallarymyza esaslanan 1600oC temperatura gyzgynlyga çydamly bolan bu kerpiç senagatyň dürli pudaklaryndaky zawodlarda, ýokary temperatura bilen işleýän peçlerde ulanylýar.

4. “Garlyk kaliý” DMBT-da galyndy galýan duzlaryndan bir wagtyň özünde birnäçe sany antibakterial häsiýetli maddalary saklaýan zyýansyzlandyryjy erginleri almagyň tehnologiýasy“Garlyk kaliý” dag magdan baýlaşdyryjy toplumda kaliý dňküni öndürlende galyndy bolup galýan galyndy duzlaryndan elektroliz hadysasyna esaslanyp, bir wagtyň özünde birnäçe antibakterial maddalary saklaýan ergin alyndy. Bu önümiň esasan agyz suwuny arassalamagyň başlangyç tapgyrynda, suwda ýüzülýän suw howdanlarynda we akwa parklarynda, üst ýüzleri dezinfeksiýa etmekde, haýwan we süýt gigiýenasy üçin, sowadyjy ulgamlarda giňden ulanylýar.

5. Mermer, granit, kafel, keramogranitleri duzlardan arassalaýjy we ýuwujy serişde – Ýuwujy serişde mermer, granit, kafel, keramogranitleriň üst ýüzünde galýan şor, duz we hapalardan arassalaýandyr. Serişde işjeň maddalardan düzülendigi sebäpli, duz we şorlary örän çalt aýyrýar. Mermerleriň üst ýüzünde emele gelýän duzlary aýyrmak üçin örän güýçli formula eýedir.

6. Kislota esasly ýuwujy serişdeAdatça, kislota esasly ýuwujy serişdeler suwuk ýagdaýynda bolýar. Ýurdumyzda öndürilýän azot kislotasy hem suwuklyk görnüşindedir. Bu azot kislotasynyň transportyny amatlaşdyrmak üçin, hiç hili suwuny bugartmazdan azot kislotasy granulirlenen görnüşe geçirildi. Bu ýuwujy serişdäni dykylan lagym suwlaryny we dürli suw geçirijilerini açmak üçin amatly çözgütdir.

7. Senagat galyndylaryndan taýýarlanan hlorsyz kaliý döküni – Ýurdumyzda galyndy bolup galýan fosfogipsden we ýurdumyzda öndürilýän kaliý hloridinden dünýä bazarynda gymmat baha eýe bolan hlorsyz kaliý döküni-kaliý sulfaty öndürildi.

8. Antibakterial işjeňlik häsiýetini saklaýan sink oksidiniň nanobölejikleriniň önümçilik tehnologiýasy - Sink oksidiniň nanobölejiklerini suwy arassalamakda peýdalanmak bolar, ýagny onuň antibakterial häsiýetli bolmagy sebäpli suwy arassalaýjy ukyby bar. Sink oksidiniň nanobolejikleri häzirki wagtda giňden ulanylýan nanomaterialdyr. Olaryň esasy ulanylýan ýerleri: nanoelektronikada nano diodlaryny ýasamakda hem-de nanogeneratorlaryň düzüminde ulanylýar; biolukmançylykda çiş keseline we mikroblara garşy sink oksidiniň nanobölejiklerinden peýdalanylýar. Bulardan başgada oba-hojalykda, azyk-senagatynda, gözellik serişdelerinde hem giňden ulanylýar.

9. Türkmenistanda ýerli çig mallardan geljekde ulanylmak uly mümkinçilikleri bolan Grafen nano plýonka we grafen nano tozgasy almak tehnologiýasy öwrenilendir – Grafen Uglerodyň allotropiki görnüşi bolup, 1 atom gatlagyndaky ýuka gatlakdyr. Geksagonal kristal gurluşynda eýe bolup, ol grafitiň bir gatlagy hökmünde göz öňüne getirip bileris. Onuň häzirki zaman nanotehnologiýada ýokary islege eýe bolan nanomaterial we ylmy-barlaglaryň esasy bolup durýandyr. Onuň häsiýetlerinden ýokary mehaniki gatylyk, aşa ýylylyk geçirijilik we ýokary zarýad daşaýjylygy bilen tapawutlanýandyr. Sinteziniň dürli görnüşleri bolup, ony arassa metan we wodoroddan almaklyk mümkinçiligi hem bardyr. Ulanylýan ýerleri:Elektrik togyny geçiriji printer toneri. Akylly telefonlaryň ekranlarynda ýokary duýujy madda goşundysy. Litiý bilen birleşmesinde uzak wagtişleýän ýokary zarýadly batareýalar. Geljegi uly bolan grafeni ulanylyş ýerleriniň işlenilýän ugurlary: gaz sensorlar, biosensorlar (glýukometr we şm), filtrlar, ýeňil we berk kompozit materiallar, gün panelleriň gatlagy hökmünde, Nanoelektronika we kwant komýuterlerinde ulanylmagyny göz öňünde tutulýandyr.

Ýurdumyzyň biodürlüligine esaslanýan biotehnologiýanyň lukmançylyk, oba hojalygy, iýmit, ekologiýa ugurlary boýunça täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary önümçilige omaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak, ýurdumyzda öýjük we molekulýar biologiýa, genetika, bioinžiniring, bioinformatika, ekologik biotehnologiýasy ugurlary ösdürmek boýunça uniwersitetde “Biotehnologiýa we genetika”, “Gözellik biotehnologiýasy”, “Ekologik biotehnologiýa” ýaly ylmy-önümçilik merkezleri hereket edýär.

1. Ösümlikleri in witro ýagdaýynda mikroklonal köpeltmek. Bu usul arkaly ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirilýän pomidor sortlarynyň we gibridleriniň şitillerini gysga wagtda, köp mukdarda, öňki gymmatly häsiýetlerini ýitirmän arzan bahadan öndürmek bolar. Bu bolsa tohum we şitil babatda daşary döwletlere baglylygy aradan aýyrar we ykdysady taýdan girdeji getirer.

2. Iýilýän kömelekleri miseliý arkaly köpeltmek. Şampinýon, weşenka we beýleki iýilýän kömelekler miseliýsini ýörite iýmit gurşawyna ekildi we ösen miseliler bugdaý, agaç gyryndysy ýaly lignin saklaýjy zatlaryň üstünde köpeldildi. Alnan miseliýler samanyň üstünde geçirmek arkaly ekologiki taýdan arassa iýmitlik kömelek ýetişdirildi.

3. Buýandan gilisirrizin biologiki işjeň maddasyny arassa görnüşde bölüp almak. Süýji buýandan glisirrizin maddasy barlaghana şertlerinde arassa görnüşde bölüp alyndy we onuň iň ýokary çykymy üçin amatly şertler kesgitlendi. Glisirrizin azyk senagatynda, farmasewtikada we beýleki ýerlerde ulanylýar.

4. Ýüzärlikden garmalin alkoloidini arassa görnüşde bölüp almak. Ýüzärlik tohumynyň ekstraktyndan birnäçe tapgyrlardan ybarat bolan yzygiderlikde beýleki alkaloidlerden saýlap arasa garmalin alyndy. Munuň ähmiýeti ýüzärlikde gapma-garşy häsiýetleri bolan maddalar saklanýar we garmalini dermanlyk maksady üçin arassa görnüşde farmasewtikada derman serişdelerini taýýarlamakda ulanmak amatly bolýar.

5. Gowaça galyndylaryndan biogumus öndürmek. Gowaça ösdürip ýetişdirilende galýan galyndylary mikroorganizmleriň (Pseudomonas sp, Basillus sp, Actinobacteria, çüýrediji kömelekler we ş.m) arkaly ýörite şertlerde çüýretmek arkaly oba hojalyk ekinleri üçin peýdaly ýokary hili biogumus öndürilýär. Munuň üçin garaňky we çygly şert döretmek bilen gowaça galyndylaryna çüýrediji mikroorganizmleri saklaýan nusga goşulýar. Wagtal-wagtal howalandyrmak arkaly ortaça 9 aýda ýokary hili biogumus alynýar.

6. Oba hojalyk ekinleri üçin peýdaly biodökün öndürmek. Trichoderma kömelegi özlerinde ösümliklere gerekli bolan aminokislotalary we peýdaly proteinleri saklap, ösümlikleriň ösüşinde esasy rol oýnaýan ösümlik gormonlarynyň sinteziniň amala aşmasyna goldaw berýär. Bu kömelegi ýörite gaty iýmit gurşawynda ekip, soňra olaryň köp mukdaryny almak üçin suwuk iýmit gurşawynda birnäçe gün saklanylýar we iýmit gurşawyny filter kagyzyndan süzmek arkaly Trichoderma kömeleginiň gury massasy alynýar.

7. Ýerli ösümliklerden gistologiki boýaglary öndürmek. Böwürslen ösümliginden öýjükleri  we dokumalary boýamak üçin gistologiki boýag alyndy. Ol daşary ýurtlardan getirilýän barlaghanada ulanylýan reňkleýjileriň ornuny tutar.

8. Ösümlik sirkesini öndürmek. Acetobacter bakteriýasyny hem-de maýa kömelegini ulanyp, almaň, naryň, üzümiň hem-de buýanyň ekstraktyndan fermentasiýa arkaly sirke alynýar. Fermentasiýa geçirmek üçin amatly optimal şertleri gurnamak zerurdyr. Onuň üçin ekstraktlary 3-4 gün inkubatorlarda saklamaly. Fermentasiýa geçirilenden soňra, ergini filter kagyzy arkaly süzüp, uly we artykmaç maddalary aýyrmaly.

9. Ýerli çig-mallaryň esasynda üzärlikli hoşboý ys beriji tüsseleýän taýajyklary taýýarlamagyň tehnologiýasy. Bu iş üzärlik ösümligini tüsseleýän ýakymly ys berijilerde ulanyp, otagdaky biologiki hapalaýjylary ýok etmegi we şol bir wagtyň özünde hem otaga ýakymly ys goýbermegi göz öňünde tutýar. Şol ys berijileriň kömegi bilen adamlaryň psihiki we emosional ýagdaýlaryny gowulandyrmak, dürli epidemiýalar döwründe otag howasyndaky kesel dörediji bakteriýalary, wiruslary we kömelekleri üzärlik tüssesi arkaly ýok etmek teklip edilýär.

10. Iýilýän polimerleri taýýarlamagyñ tehnologiýasy. Azyk önümleri, meselem şeker adatça kagyz ýa-da plastik polimerlere gaplanýar. Çalt bişýän unaşlaryñ içindäki tagam we ys berijiler hem plastiki polimerlere gaplanýar. Bu bolsa, öz gezeginde plastik galyndylaryñ köpelmegine getirýär. Şol sebäpden hem azyk senagatynda iýilýän polimerleri bilen adaty polimerleriñ ornuny çalyşmak häzirki döwrüň talabydyr. Bu iýilýän polimerlerde kofe, şeker, duz, gury süýt, tagam hem ys berijiler we başga-da gury önümler gaplanyp bilner. Gaplanan önüm suwa atylanda onuň daşyndaky iýilýän polimer şol bada eräp gidýär we onuñ içindaki gury önüm suwa goşulýar.

11. Garlykdaky kaliý dag-magdan toplumynyň galyndysyndan natriý hloridini (NaCl) almaklygyň tehnologiýasy. Garlykdaky kaliý dag-magdan toplumynyň galyndysynyň möçberi ummasyz bolup, ol daşky gurşawyň ýagdaýyna zyýanly täsirini ýetirýär. Bu önümçilik tehnologiýasy Garlykdaky kaliý dag-magdan toplumynyň galyndysyndan natriý hloridini (NaCl) almaklyga we olary boýag önümçiliginde, iýmitlik soda önümçiliginde, hlor-aşgar önümçiliginde, kagyz önümçiliginde, azyk senagatynda we oba hojalygynda  ulanmaklyga esaslandyr.

Uniwersitetiň Zenanlar guramasy tarapyndan ýöredilýän talyp gyzlarynyň “Çeper eller” gurnagynyň talyplary ene-mamalarymyzdan bize miras galan el işleriniň, datly türkmen milli tagamlarynyň sergisini gurnadylar.

Umuman, unuwersitetde Halkara Bitaraplyk baýramynyň 26 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Innowasiýalaryň sergi-bäsleşigine” hödürlenen taslama işler uniwersitetde ylmy işlere uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

  Mährijemal ÖWEZOWA,

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Okuw bölüminiň önümçilik-tejribe

okuwynyň ýolbaşçysy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm