Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

«TÜRKMENARAGATNAŞYK AGENTLIGI» «SANLY ÇÖZGÜT - 2021» INNOWASION TASLAMALARYŇ BÄSLEŞIGI

Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurduň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 1 – 5-nji noýabry aralygynda “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan ýurduň ýaşlarynyň arasynda maglumat-telekommunikasiýa ulgamy boýunça “Sanly çözgüt – 2021” atly innowasion taslamalar bäsleşigi saglygy goraýyş, ylym-bilim, ulag-logistika, elektron senagat, oba hojalyk, hyzmatlar ulgamy we robototehnika ýaly ugurlar boýunça geçirildi.

Eminler toparynyň çykaran netijesi esasynda bäsleşigiň her bir ugry boýunça bir sany birinji, iki sany ikinji we üç sany üçünji orun kesgitlenildi. Şeýle hem Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary, magistr talyplary hem-de talyplary birnäçe orunlara mynasyp boldular.

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň magistr talyby Saparow Bagtyýar“Oba hojalyk” ugry boýunça “Zatlaryň internetini tehnologiýasyny durmuşymyza ornaşdyrmak” atly işi bilen 1-nji orna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Jumakowa Nargiza“Robototehnika” ugry boýunça “Arduino Nano esasynda 3D Lazer skanirlerýji enjamynyň ýasalyş tehnologiýasy” atly işi bilen 1-nji orna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji talyby Aşyrbaýew Jasurbek  — Saglygy goraýyş” ugry boýunça “Kesel anyklaýyş ulgamlary üçin emeli aň çözgütleri” atly işi bilen 2-nji orna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Ýollyýewa Gulaý Ylym we bilim” ugry boýunça “Orta we ýokary okuw jaylarynda işgärleri we talyplary hasaba almak, elektron resminama dolanşygy we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bilim ulgamynyň elektron dolanşygy esasynda ýerine yetirilýän işleri ýeňilleşdirmek boýunça programma üpjunçiligi” atly işi bilen 2-nji orna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Ýazgulyýew Wekil — Ulag – logistika” ugry boýunça “Ýüpek trading programma üpjünçiligi” atly işi bilen 2-nji orna;

 

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby Jepbarow Muhammetberdi Ulag – logistika” ugry boýunça “Akylly ýol yşygy programma” atly işi bilen 2-nji orna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Annagurdow Guwanç Elektron senagat” ugry boýunça “Howa akymynyň üsti bilen elektrik toguny genenirleýän akylly turbina” atly işi bilen 2-nji orna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Ýazgulyýew Wekil — Elektron senagat” ugry boýunça “Aşgabatdaky awtoulag kärhanalaryň birleşmesiniň elektron dolandyryş ulgamy” atly işi bilen 3-nji orna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Gurbanmämmedow Begenç Oba hojalyk” ugry boýunça “Daýhanlar we weternarlar üçin online oba hojalyk dükany” atly işi bilen 3-nji orna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Meredowa Bahar Hyzmatlar ulgamy” ugry boýunça “Akylly şäherlerde ulanmak üçin simsiz uzak aralykdan dolandyrylýan hyzmat ediji” atly işi bilen 3-nji orna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň magistr talyby Halmyradow Döwletgeldi Hyzmatlar ulgamy ugry boýunça “Elementar we satuw dolandyryş ulgamy işlenilip taýýarlanylan programma üpjünçiligi” atly işi bilen 3-nji orna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Alyýew Şageldi Hyzmatlar ulgamy” ugry boýunça “Ştrihkod skaýneri we kamera arkaly işgärleri sanly gatnaşyk ulgamy programma üpjünçiligi” atly işi bilen 3-nji orna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Annagurdow Ýagşygeldi Robototehnika” ugry boýunça “Hyýaly hakykat tehnologiýasy arkaly dolandyrylýan mobil robat” atly işi bilen 3-nji orna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Babaýew Azat Robototehnika” ugry boýunça “Zyýansyzlandyryjy köp ugurly robat” atly işi bilen 3-nji orna;

 

— Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň magistr talyby Döwletmämmedowa Güljahan Robototehnika ugry boýunça “RFID, Bluetooth Modul we Knopkaly Paneli (Keypad) ulanyp öýüň howpsuzlyk düzgünini üpjün etmek” atly işi bilen 3-nji orna.

 Bäsleşigiň her bir ugry boýunça ýeňiji bolanlara gymmat bahaly sowgatlar hem-de diplomlar gowşuryldy.

 

  Merdan AMANÝAZOW,

Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Kompýuter ylymlary we maglumat

tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm