Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

Elon Musk

272,3 milliard dollar baýlygy bolan Tesla we SpaceX -iň başlygy Elon Musk dünýä taryhynyň iň baý adamy boldy. Bu barada 19.10.2021ý senede Amerikanyň Forbes žurnaly habar berdi.

Maglumatlara görä, Musk Tesla paýnamalarynyň bahasynyň düýpgöter ýokarlanmagy sebäpli bu görkezijini gazanmagy başardy - 18.10.2021y senede olaryň ösüşi 13%-den geçdi, bu kompaniýanyň bazara 1 trillion dollar bahasyny ýeňip geçmegini üpjün etdi. Netijede, Muskyň umumy kapitaly bir günde 41 milliard dollardan gowrak ösdi.

 Forbesiň habaryna görä, Elon Musk dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orny eýeledi - 2021-nji ýylyň 28-nji sentýabryna çenli onuň baýlygy 203,4 milliard dollardan geçdi. Reýtingiň ikinji hataryny Amazon-yň başlygy Jeff Bezos eýeleýär, üçünji ýerde LVMH (Lui Vuitton Moet Hennessy) fransuz kompaniýalar toparynyň baş direktory Bernard Arnault bar. Şeýle hem ilkinji bäşlige Microsoft-y esaslandyryjylaryň biri Bill Geýts we Facebook-yň başlygy Mark Zukerberg girýär.

 Tesla 2003-nji ýylda Musk tarapyndan esaslandyryldy. Ilki başda Tesla Motors diýlip atlandyryldy, ýöne soňra Tesla adyny aldy. Ilki bilen bu kompaniýa diňe elektrik ulaglaryny öndürmekde ýöriteleşdi, ýöne soňra gün panellerini we beýleki energiýa saklaýyş ulgamlaryny döretmäge gatnaşdy.

 

 Aýnagözel Tekäýewa,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

Dil öwreniş bölüminiň iňlis dili mugallymy.

(makala internet çeşmelerinden peýdalanylan.)



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm