Täzelikler

Baş sahypa > Täzelikler

ÝURDUMYZYŇ SUBTROPIK GUŞAKLYGYNYŇ ÖSÜMLIKLERI

Ýurdumyzyň subtropik zolagy bolan Balkan welaýatynyň Magtymguly, Etrek we Esenguly etraplary täsin howasy bilen tapawutlanýar. Bu etraplar daglyk we düzlük zolaklara bölünýär. Dag zolagyna degişli bolan Magtymguly etraby Sumbar we Çendir derýalaryna goşulýan birnäçe çeşmedir bulaklaryň jülgelerini öz içine alýar. Bu jülgeler ösümlik dünýäsine örän baýdygy hem-de dermanlyk ösümlikleriniň endemik görnüşleriniň köplügi bilen beýleki ýerlerden tapawutlanýar. Bu ýerde miweli gyrymsy agaçlaryň birnäçe görnüşleri bolup, olardan alma, armyt, garaly, ülje, alça, alyç, hurma, nar, injir, üzüm, ýemşen, zirk, ýylgaý, arnap, böwürslen, itburun, rýabina ýaly ösümlikleri görkezmek bolar. Şeýle hem bu jülgelerde bitýän adamyň saglygy üçin has peýdaly maňyzly ösümliklerden hozuň, pissäniň hem-de badamyň duş gelýändigini bellemek gerek. Bu jülgelerde beýleki ýerlerden tapawutlylykda köp sanly şaglawuklaryň bolmagy, dagyň arassa howasy, aýratyn-da ösümlikleriň gülleýän döwründäki daglaryň gözelligi uly täsir galdyrýar.

Düzlük zolagyna bolsa Etrek derýasynyň jülgesi we gadymy Dehistan düzlügi girýär. Etrek etraby özüniň zeýtun agajy we zeýtun ýagy bilen bellidir. Bu ösümlik suwsuzlyga çydamlylygy bilen tapawutlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli, ylmy-ensiklopedik kitabynda ýokarda sanalan ösümlikleriň her biriniň adam saglygyna peýdasy we olardan peýdalanylyşy barada giňişleýin maglumat berilýär.

Halkymyzyň saglygy, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän, talyp ýaşlaryň ylym-bilim almagy üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Kadyr ESENOW,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky

 Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň

 Ekologiýa we tebigatdan

peýdalanmak ugrunyň talyby.

“Täze oba” žurnaly 31.08.2021ý çapa çykdy.



Information

  • tel: +99312 391617
  • e-mail: contact@etut.edu.tm